Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Idlibe guraljak hüjüm syýasy etaby bökdär” söz başyly habarynda

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berendigini ýazýar.

Ibrahim Kalyn ABŞ-na Günbatarly we sebitde ýerleşýän ýurtlara Idlibe guraljak operasiýanyň öňüniň alynmagy barada çagyryş berdi. Kalyn Siriýanyň Idlib şäherine guraljak hüjümiň dowam edip gelýän syýasy etaby bökdejekdigini we ynamsyzlyga sebäp boljakdygyny aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşoglynyň Idlib beýanaty” söz başyly habarynda Ruminiýada geçirlen Türkiýäniň-Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň metbugata beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýadaky ýagdaýyň her bir ýurdy gyzyklandyrýandygyna ünsi çekdi we bu meselede şol bir garaýyşa eýe bolan ýurtlar bilen işleşýändiklerini ýatlatdy.

Idlibde Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Çawuşgoly, “Idlibde hüjümleriň bes edilmeginden soň terrorçy toparlarynyň ýok edilmegi üçin birlikde işleşeliň” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary işler ministrligi ABŞ garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň  Palestina Milli azat edijilik guramasynyň Waşingtondaky wekilhanasynyň ýapylmagy barada karar kabul eden ABŞ-na garşylyk görkezendigini mälim edýär.

Aksoý “Şol karar ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynda bitaraplygyny ýitirendiginiň görkezijisi” diýdi.

Aksoý Türkiýäniň palestinanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

“Watan” gazeti “Siriýa serhedine uly türk baýdagy dikildi” Siriýa serhedinde ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabyndaky depä 150 inedördül metrlik türk baýdagynyň dikilendigini ýazýar.

Jeýlanpynar etrap häkimligi tarapyndan Özbek mähellesinde baýdagyň diňe çekilmegi mynasybetli ýörite dabara geçirildi.

Dabara etrap häkimi Menderes Atilla, Adalat we ösüş partiýasynyň Jeýlanpynar etrabyndaky agzalary bilen birlikde köp sanly adam gatnaşdy.

“Sabah” gazeti Türkiýäniň ilkinji ýerli dikuçary T625-iň türk goranyş we awiasiýa senagatynyň ýeten sepgidini açyk aýdyň görkezýändigini habar berýär.

Dikuçaryň ilkinji synagy üstünlikli ýagdaýda geçirildi.



Degişli Habarlar