Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Daşary işler ministrliginden Gresiýa reaksiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Gresiýadan Günbatar Frakiýada türk azlyklaryň saýlanan müftülerini ykrar etmeýän pozisiýasyny bes etmegini isländigini habar berýär. Gazet Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň: “Günbatar Frakiýa türk azlyklarynyň aladalary bize gelip gowuşdy. Türkiýe, Gresiýadan Günbatar Frakiýada türk azlyklaryň saýlanan müftülerini ykrar etmeýän pozisiýasyny bes etmegine we geçirljek düzgünleşdirme işlerinde azlyklaryň pikirlerine üns bermegine garaşýarys” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Ýylyň 2-nji çärýeginiň ösüşi derejesi aýan edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň 2-nji çärýeginde 5,2 göterim ösüş edendigini mälim edýär. Gazet du dereje bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasyna (OECD) agza ýurtlary geçen Türkiýäniň, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda 2-nji oruna mynasyp bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda gündelik bahalar bilen jemi içerki önüm çaklamasy şu ýylyň 2-nji 3 aýlyk döwründe, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20,4 göterim artyp, 884 milliard 4 million 260 lira barabar bolandygy ýazylýar.  

Haber Türk gazedi: “Ministr Albaýragyň ösüş bilen bagly beýanaty” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň ýylyň ikinji çärýeginiň ösüşi bilen bagly beyanat berendigini habar berýär. Gazet Berat Albaýragyň güýçli eksport we syýahatçylyk girdejilerindäki ýokary depginiň kesgitli daşarky islegiň ösüşe oňyn goşmagyny üpjün edendigini nygtap; “Bu netije ykdysady syýasatlarymyzdaky başlangyç maksatlarymyzyň başynda durýan ykdysadyýetiň deňagramlaşma tapgyrynyň başlandygyny görkezýär” diýendigini nygtaýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Kişmiş eksportynda soňky 9 ýylyň rekordy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň şäniksiz kişmiş pudagynda, 2017-2018 möwsümini 279 müň 343 tonnalyk, 452 million 498 müň dollarlyk eksport bilen ýapandygyny mälim edýär. Habarda kişmiş eksportynyň 8 göterim artandygy bellenýär. Şäniksiz kişmiş eksportynda Uzak Gündogar ýurtlarynyň paýy 8 göterimden 11 göterime ýetdi.

Star gazedi: “Kalehöýükde 800 ýyllyk Ahi ojaklary tapyldy” söz başyly habarynda, Kyrşehir welaýatynyň 5 müň ýyllyk taryhynyň derňelýän Kalehöýükdäki gazuw agtaryş işlerinde iň könesi 800 ýyl ozala degişli bolan Seljukly we Osmanly türkmen döwletleri zamanasynda ulanylan Ahi ojaklarynyň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Kalehöýükde 2009-njy ýylda başlanan gazuw agtaryş işlerine birnäçe ýyl arakesme berilsede, 2012-nji ýylda ýaňadandan başladyldy.


Etiketkalar: gazet , Watan , dünýä

Degişli Habarlar