Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Akdamar buthanasynda 3 ýyl soň dini dessur geçirildi” söz başyly habarynda, Wan welaýatynyň Gewaş etrabynda ýerleşýän we şol bir ady göterýän Akdamar buthanasynda 3 ýyldan bäri geçirilmeýäň dini dessuryň şu ýyl geçirilendigini ýazýar. Gazet Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoýyň gatnaşmagyndaky dini dessury Türkiýe ermenileriniň patriarhynyň wekili Baş ýepiskop Aram Ataşýanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň gönükdirendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Emine Erdogana ynsanperwer hyzmat baýragy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň Mýanmada başdan geçirilen gumanitar pajyga ýaly halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken tagallalary we ejir çekýänler hem-de kömege mätäçler  üçin haýyr-yhsan işleri mynasybetli; “Global donorlar forumy” tarapyndan “Ynsanperwer hyzmat baýragyna” laýyk görülendigini ýazýar. Emine Erdoganyň baýragy 11-nji sentýabrda Londonda geçiriljek dabarada gowşurylar.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa howa ýollary bilen 9,6 million syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Antalýanyň welaýat Medeniýet we syýahatçylykly müdirliginiň Antalýa howaýollary bilen gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň rekord derejede artandygyny nygtap, ýylyň dowamynda howa ýollary bilen 9,66 million syýahatçynyň gelendigini habar berendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Hytaýlylar Türkiýä kişmiş üçin geldi” söz başyly habarynda, hytaýlylaryň ABŞ-dan import edýän kişmişini Türkiýeden almak barada netijä gelenden soň Hytaýdan gelen wekiliýetiň Türkiýäniň esasy kişmiş eksportçysy bolan “Tariş integrirlenen desgalaryn” baryp görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Taryhy türbet göçürilýär” söz başyly habarynda, Batman welaýatynyň taryhy Hasankeýf etrabynda gurluşygy dowam edýän Ylysu bendi sebäpli suwuň aşagynda galjak ýadygärlikleri halas işleriniň çäginde garamy 800 tonna barabar bolan Ymam Abdulla Türbediniň şu gün başga ýere göçüriljekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar