Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk goranyş senagatynyň umumy iş mukdary 10 milliard türk lirasyndan geçdi” söz başyly habarynda Türk ýaragly güýçlerini güýçlendirme gaznasy, goranyş senagatynyň admeral gämisi hökmünde häsiýetlendirlen firmalaryň geçen ýylky umumy iş mukdarynyň  10,5 milliad türk lirasyna çenli baryp ýetendigini ýazýar.

Türk goranyş senagatynyň milli we döwrebap enjamlarynyň we ulgamlarynynyň eksporty gün saýyn artýar.

Türk goranyş senagaty firmasy dünýäniň goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan 100 firmanyň hatarynda ýer alýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň tanymal ýerlerinden biri” söz başyly habarynda  Antalýanyň Ibradi etrabynda Türkiýäniň iň uly, dünýäniň üçünji ýer asty kölüne eýe bolan Altynbeşik gowagynyň ýerleşýändigini habar berýär.

Altynbeşik gowagy her möwsümde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär.

Kölüň minerally suwy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Deňizden 450 metr belentlikdäki gowaga, 400 metr uzynlygyndaky ýer asty kölden ýörte gaýyklar bilen girmek bolýar.

“Watan” gazeti “Türkiýä gelýän nemes syýahatçylarynyň sany köpeler” söz başyly habarynda üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe Türkiýä gelen nemes syýahatçylarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 20 göterim artyp 2 million 321 müň adama ýetendigini mälim edýär.

Germaniýanyň tanymal syýahatçyk firmalary has köp nemes syýahatçysynyň Türkiýede dynç aljakdygyny mälim etdi.

Germaniýanyň tanymal ylmy barlag firmalaryndan Trewo Trendiň baş müdüri Matthias  Lange “Türkiýe amatly ýurt we soňky pursatda Türkiýede dynç almak üçin ýüz tutýanlaryň sany barha köpelýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň ilkinji awiasiýa, emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly: Teknofest” söz başyly habarynda Türkiýäniň ilkinji awiasiýa, emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly bolan Teknofestiň sentýabr aýynyň 20-23-i aralygynda Stambulyň täze howa menzilinde geçiriljekdigini ýazýar.

Festiwalyň çäginde dürli tehnalogiýa bäsleşikleri we seminalarlary geçirler. Adamzadyň bähbidine tehnalogiýa, uçarmansyz howa ulagy, uçarmansyz suw asty ulaglary, Robotik fetih 1453, raketa, uçarmansyz gury ýer ulaglary, söweşýän uçarmansyz howa ulagy ýaly 12 katerogiýa boýunça dürli bäsleşikler geçirler.

“Sabah” gazeti Türk howa ýollarynyň ýolagçy sanynyň awgust aýynda 4,8 göterim artyp 22,8 million adama ýetdi.

Daşary ýurtly ýolagçylaryň sany bolsa ady agzalýan döwürde 10,8 göterim artdy.

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde bolsa ýolagçylaryň sany sany 12,5 göterim artyp 143,2 milliona ýetdi.



Degişli Habarlar