Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýe Russiýa we Siriýanyň hökümetine İdlib meselesi boýunça reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Siriýanyň İdlib şäherinde asuda ilatyň pida bolmagyna sebäp bolan Russiýa we Başar Asada: “Hiç kim hiç kimi aldatmasyn. Bu hüjümleriň maksady İdlibi almakdyr” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet radikal toparlary bahana edip, asuda ilatyň bombalanmagyna garşylyk görkezek Çawuşoglynyň; “Şol toparlara garşy bolsaňyz Halapdan, Gündogar Gutadan, Homsdan, hat-da günortadan olary ýaraglary bilen bilelikde İdlibe näme üçin getirdiniz” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe 2019-njy ýylda durnukly ösüş tapgyryna geçer” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň maýadarlarda döredilen ynam bilen parlak geljege tarap barýandyklaryny buşlandygyny ýazýar. Habarda ministr Albaýragyň: “Gysga möhletde ykdysadyýetde netijeli tapgyrlara geçildiği saýyn, halkara maýadarlarynyň ýurdumyzdaky maýa goýumlarynyň depgininiň artjakdygyna bilelikde şaýatlyk ederis” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Akylly adamlar türk aktiwlerini satyn alýarlar” söz başyly habarynda, dünýä belli amerikaly maýadar we finans hünärmeni Jim Rogersiň maýadarlara türk aktiwlerini satyn almaklaryny maslahat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Rogersiň “Akylly adamlar häzirki wagtda türk aktiwlerini satyn alýarlar. Maýa goýmakçy bolsam Türkiýedäki aktiwleri alardym” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “F-35-lere türk goşandy” söz  başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň ABŞ-nyň Türkiýäni taslamadan çetleşdirmäge synanşýan taslamasynda türk firmalary tarapyndan öndürilýän enjamlaryň sanawyny beýan edendigini ýazýar. Habarda uçaryň kabinasyndan hereketlendirijisine çenli 19 böleginde 7 türk goranyş senagaty firmasynyň paýynyň bardygy mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe toý syýahatçylygynda işe girişdi” söz başyly habarynda, Türkiýä soňky döwürlerde toý syýahatçylygy üçin gelýänleriň sanynyň artýandygyna ünsleri çekýär. Gazet soňky döwürde Türkiýede toý bermegi saýlap alýan Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan uly islegiň bardygyny ýazýar. Habarda esasanda soňky aýlarda Türkiýede toý bermegi saýlap alýan Hindistan we Liwan ýaly ýurtlaryň raýatlaryndan ýylyň 7 aýynda gelen syýahatçylaryň sanynyň Hindistandan 83 müňe, Liwandan bolsa 155 müňe ýetendigi nygtalýar.


Etiketkalar: durnukly , Watan , Russiýa , dünýä

Degişli Habarlar