Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Gyrgynçylyk bolar” söz başyly habarynda Prezident Erdoganyň Gyrgyz Respublikasyna guran saparyndan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berendigini ýazýar

Siriýanyň İdlib şäherinde başdan geçirilýän wakalaryň Türkiýe üçin diýseň möhümdigini aýdan Erdogan “ İdlibde agyr günler başdan geçirilýär. Ol ýerde 3,5 million adam bar. Uly betbagtçylyk başdan geçirlen halatynda şol ynsanlar ilkinji nobatda Türkiýä gelerler. Şähere raketalar atylan halatynda uly gyrgynçylyk başdan geçirler. Elbetde şeýle ýagdaýda şäherden gaçan asuda ilat ýene-de bize geler. Bu hem uly kynçylyk emele getirip biler” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti Yrak serhedinde terrorçylar tarapyndan “hiç kim girip bilmez” hökmünde häsiýetlendirlen Ikiýaka daglarynda geçirilýän operasiýalaryň dowam edýändigini habar berýär.

Operasiýanyň çäginde üç hepde-de 16 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren ýaragly güýçleri, Ikiýaka daglarynda ekstremist terror guramasy PKK-a uly zarba urdy.

“Star” gazeti “2 grek esgeri bikanun ýagdaýda Türkiýä geçendiklerini boýun aldy” söz başyly habarynda Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Edirnede 5,5 aý tussaglykda saklanan 2 grek esgeriniň bikanun ýagdaýda Türkiýä geçendiklerini kabul edendiklerini ýazýar.

“Sabah” gazeti “ASELSAN Kiprde merkez açýar” söz başyly habarynda Türk goranyş senagatynyň tanymal firmalaryndan biri bolan ASELSAN-yň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda synag merkezini açjakdygyny mälim edýär.

ASELSAN 1974-nji ýyldaky Kipr parahatçylyk hereketinde Türkiýä goýlan ýarag embarosy sebäpli ýerli ýarag senagatynyň ösdürilmegi maksady bilen gurlupdy.

“Watan” gazeti “ Syýahatçy akymy! “Bu ýeri jennet” söz başyly habarynda Denizliniň ak jenneti Pamukkalede biziň eramyzdan soňky 60-njy ýylda ýer titremesi netijesinde emele gelen we Müsürli Şa aýal Kleopatranyň hem şol suwda ýuwnandygy aýdylýan Kleopatra howuzynyň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsünü özüne çekýändigini nygtaýar.

Içindäki taryhy galyndylaryň arasynda ýüzýän syýahatçylar, hozuwyň şypaly ýyly suwynyň keýpini çykarýar.


Etiketkalar: gazet , Erdogan , Idlib

Degişli Habarlar