Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tetibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň ýeňiş buýsanjy” söz başyly habarynda, 3-njy awgust Ýeňiş baýramynyn 96 ýyllygy mynasybetli ýurduň çar tarapynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly çäreleriň geçirilendigini ýazýar. Gazet Türkiýäniň çar tarapynda meýdanlary dolduran halkyň ellerinde baýdaklar bilen gatnaşan dabaralarynda harby parada tolgunmak bilen syn edendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň öňüne böwet basyp bilmezler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 30-njy awgust ýeňişiniň 96-njy ýyllygyna bagyşlanan dabarada möhüm ýüzlenmeler berendigine ünsleri çekýär. Habarda Erdoganyň; “Öz ýoluny kesgitlän Türkiýä görübilmezçilik edýärler. Näme edenlerinde-de beýik we güýçli Türkiýäniň öňüne böwet basyp bilmezler. Bizi müň gezek dyza çökermäge synanşasalar hem biz müň gezek ör turarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Trempy gazaplandyrjak habar” söz başyly habarynda, Amerikanyň “Linkedİn” firmasynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýdanlaryna üns bermän, Türkiýede maýa goýmak üçin taýarlyklara başlandyny mälim edýär. gazet 500 million işjeň ulanyjysy bolan firmanyň Stambulda ofis açmak we maýa goýmak üçin gepleşiklere başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ne araplar ne-de ruslar! Bu geze kolar Türkiýä geldi” söz başyly habarynda, Türkiýä Latyn Amerika ýurtlaryndan gelenlerin sanynyň esasanda soňky ýyllarda artmaga başlandygyna ünsleri çekýär. Gazet Günorta Amerikadan ýylyň ýedi aýynda gelenleriň sanynyň 74,23 göterim ýokarlap, 138,493 adama ýetendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türk syýahatçylyk pudagyndaky ösüş İspaniýany geň galdyrdy” söz başyly habarynda, İspaniýa giden syýahatçylaryň sanynyň garaşylýanyndan az bolmagynyň sebäbiniň Türkiýedäki syýahatçylyk pudagynyň “garaşylmadyk şertlerde” ösüş etmegi bolandygyna ünsleri çekýär. Gazet syýahatçylyk firmasy “Exselturyň” başlygynyň orunbasary Hoze Luis Zoredanyň esasanda iňlis we nemes syýahatçylarynyň sanynyň azalmagynyň sebäbini syýahatçylaryň Türkiýäni saýlap almaklary bilen düşündirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar