Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “F-35 bilen ilkinji uçuş” söz başyly habarynda, Türk harby uçarmanynyň ABŞ-daky tälimleriniň çäginde F-35 uçary bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrandygyny ýazýar. Gazet kabul edilip alynan F-35 kysymly harby uçarynyň Türk harby howa güýçleriniň inwentaryna girizilen ilkinji bäşinji nesil harby uçarlardygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Resmi rezerwler iýul aýynda artdy” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň 2018-nji ýylyň iýul aýyndaky halkara rezerwleri we walýuta likwiditleri barada maglumat çap edendigini ýazýar. Habarda resmi rezerwlerin iýun aýyna görä 2,4 göterim ýokarlap, 100,7 milliard dollara barabar bolandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Amerikan gaznasynyň türk wekselleri baradaky möhüm karary” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän gazna firmasy “Norberger Bermanyň” türk banklarynyň walýuta görnüşindäki weksellerindäki maýa goýumlaryny dowam etdirmek barada karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet guramanyň portfeller boýunça baýry ýolbaşçysy Wiwek Bomminiň “Türkiýede maýa goýan düýpli edaralarymyzyň we banklarymyzyň şertleri diýseň gowy” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Witrinalar hytaýly we arap syýahatçylar üçin amatly bolar” söz başyly habarynda, dokma senagaty pudagynyň Türkiýäni söwda jennetine öwürmek ugrundaky başlangyçlarynyň dowam edýändigine ünsleri çekýär. Habarda Türkiýäniň Ýakyn we Uzak Gündogaryň söwda bazasyna öwrüljekdigini beýan edýän pudagyň wekilleriniň, kolleksiýalaryny täze talaplara görä özgertmäge başlandygyny mälim edýär. Gazet daşary ýurtlylaryň söwda etmek üçin Türkiýä gelmäge başlandygyny gören dokma senagatynyň wekilleriniň täze kolleksiýalaryny daşary ýurtlylaryň isleglerine görä taýarlaýandyklaryna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Gündogar Anadoly obserwatoriýasy 2020-nji ýylda açylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasy kosmos barlag taslamalaryndan biri bolan Gündogar Anadoly Obserwatoriýasynyň gurluşygy üçin işe girişilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erzurumda belentligi 3,170 metre barabar bolan Konakly karakaýa depesinde guruljak obserwatoriýanyň teleskoplary bilen älem giňişliginiň çuňluklaryny öwrenmekde uly ýeňillikler döretjekdigini ýazýar.

 


Etiketkalar: walýuta , bank , karar , weksel , rezerw , gazna , Sabah

Degişli Habarlar