Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti “Amerikan dollary ynamdan gaçýar” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Fransiýa giden Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Fransiýanyň Finans ministri Bruno Le Mari bilen duşuşandygyny ýazýar. Gazet duşuşykdan soň beýanat beren ministr Albaýragyň ABŞ-nyň söwda sanksiýasynyň goýulmagy baradaky kararyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Türkiýe bilen Fransiýanyň bilelikde hereket etjekdiklerini nygtap, Amerikan dollarynyň global söwda gatnaşygynda ynamly serişde özboluşlygyny ýitirendigini aýdandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk goranyş senagaty Hytaýyň mediasynda” söz başyly habarynda, Hytaýyň “Feng Huang” teleýaýlymynda berilen habarlardan birinde türk goranyş senagatynyň maliýe taýdan ykdysadyýete goşýan goşandy barada aýdylýandygyny ýazýar. Habarda “Ýurduň goranyş senagatynyň eksporty halkara bazarynda diýseň meşhur, belkem Türkiýäniň ykdysady ösüşi üçin esasy faktör” diýilýär.

“Star” gazeti “Amerikaly ykdysatçy Perkins: Hakynatutma maliýe atyjylarynyň nyşanasy Türkiýe” söz başyly habarynda, “Hakynatutma ykdysady atyjynyn boýun almasy” atly kitabyň awtory Jon Perkinsiň; “Türkiýe ýaly ösýän ýurtlary nyşana alýan ykdysady atyjylaryň bardygy ikiuçsyz” diýen sözlerine üns çekilýär. Gazet Perkinsiň soňky döwürde ABŞ-nyň Türkiýä basyş etmäge synanşmagy barada bolsa: “Türkiýä Halkara Pul Gaznasyndan daş durmagy maslahat berýärin” diýendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Fransiýanyň ozalky prezidenti Nikola Sarkozi we aýaly Karla Bruni dynç alyş üçin Bodruma geldi” söz başyly habarynda, Türkiýede dynç alan Nikola Sarkoziniň we aýaly Karla Bruniniň Fransiýa gitmek üçin Bodrumdan Stambula adaty şertlerde uçandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Dünýäniň iň sagdyn şäherleriniň hatarynda Türkiýeden 5 şäher bar” söz başyly habarynda, ýurtlar we şäherler barada maglumatlary özünde jemleýän internet sahypasy “Numbeonyň” şäherleriň saglyk indekslerini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda dünýäniň iň bir sagdyn şäherleriniň sanawyna giren şäherleriň bag-bakjaly meýdanlary, sport desgalarynyň hili, howasynyň we suwunyň arassalagy, ortaça ýaş uzynlygy, obezlik mukdary we iş-şahsy durmuş deňagramlygy ýaly 10 sany kriteriýanyň seljerilýändigi mälim edilýär.



Degişli Habarlar