Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ýurtly maýadarlara Türkiýe çagyryşy” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň daşary ýurtly 6 müň maýadar bilen telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirendigini ýazýar.

Ministr Albaýrak daşary ýurtlara maýadarlara Türkiýäniň maliýe gurluşy we durmuşa geçiriljek taslamalar barada maglumat berdi we maýadarlary Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy.

“Star” gazeti ABŞ bilen başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli walýuta kurslarynda durnuksyzlyga garşylyk görkezen halkyň Prezident R. T. Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda ellerindäki dollaryny böldürýändigini mälim edýär.

Walýuta çalşyk merkezleri hem halkyň islegini kanagatlandyrmak  üçin tagalla edýär

“Sabah” gazeti “Katardan soň Hytaý hem Türkiýede maýa goýar” söz başyly habarynda dünýä ýurtlarynyň ABŞ-nyň Türkiýä garşy başladan ykdysady söweşine garşy uly maýa goýumlar bilen Türkiýä goldaw bermek üçin herekete geçendigini habar berýär.

Kataryň 15 milliard dollarlyk maýa goýum meýilnamasyndan soň Hytaý hem möhüm karar kabul etdi.

İýul aýynda e-söwdanyň tanymal firmasy Alibaba tarapyndan satyn alynan Trendýol resmi taýdan şol firmanyň çäginde iş alyp barar. ABŞ bilen başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli Hytaý bilen edilýän gatnaşyklaryň güýçlenjekdigi barada hökümet tarapyndan berlen beýanatdan soň Hytaýyň maýa goýumlarynyň özeni hasaplanylýan Alibabanyň Türkiýede merkez açmagy meselesi ýaňadandan gün tertibine getirildi.

“Watan” gazeti “Hytaýly syýahatçylaryň sany 91 göterim artdy” söz başyly habarynda üstümizdäki ýylyň birinji aýynda Türkiýä gelen hytaýly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 91 göterim artyp 191 müň adama ýetendigini ýazýar.

Hytaýly syýahatçylaryň sanynyň artmagynda hytaýly aýdymçy Hiao Zhangyň Türkiýe baradaky “Seni Türkiýä alyp gitmek isleýärin” atly aýdymy esasy rol oýnady.

“Haber Türk” gazeti “Marmarys Ýewropanyň iň gowy dynç alyş ýerlerinden biri” söz başyly habarynda Amerikan habar web saýty Business İnsideriň Ýewropada amatly bahadan iň gowy dynç alynýan 18 merkezi saýlandygyny habar berýär.

Sanawda Türkiýeden Mugla welaýatynyň Marmaris etraby hem ýer alýar.

Sanawda ikinji orny eýeleýän Türkiýäniň esasy dynç alyş merkezlerinden biri bolan Marmaris plažlary we adalary bilen ünsleri özüne çekýär.



Degişli Habarlar