Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Britaniýadan Türk lirasyna aşa talap” söz başyly habarynda, Akbankyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Hakan Binbaşgiliň Türk lirasyna daşary ýurt bazarlarynda aşa köp talabyň bildirilýändigini habar bermeginden soň, ýene-de bir möhüm habar Britaniýadan gelip gowuşandygyny mälim edýär. The Guardian gazedi ýurdyň ýurdyň iň uly walýuta kärhanalaryndan ICE-niň kassasynda Türk lirasynyň galmandygyny beýan edýär. Walýuta kärhanasy internediň üsti bilen Türk lirasynyň satyn alynmagynyň geçen aýa garanyňda 24 müň göterim artandygyna ünsleri çekdi.

Sabah gazedi: “Meşhur maýadar Faber: Türk emläklerine maýa goýmagyň zamany” söz başyly habarynda, Halkara maýa bazarlaryndaky analizleri bilen ýakyndan tanalýan meşhur maýadar Mark Faberiň, ABŞ tarapyndan başladylan global söwda söweşleriniň ýumuryjy bolup biljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Faberiň: “Söwda söweşleri örän paýhassyzlyk. Global ykdysadyýetiň ýuwaşlan döwründe dowam edýär” diýendigi ýazylýar. Gazet häzirki wagtda Türkiýäniň aksiýalarynyň alynmagynyň wagtydygyny aýdan Faberiň: “Bir mukdar türk aksiýalaryny alaryn. Meniň pikirmçe Türkiýäniň emläklerine maýa goýmagyň zamany” diýendigini nygtaýar.  

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýe bilen söwda söweşi Amerikan biržalaryny batyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýä garşy maliýe söweşini başladan Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, Amerikan biržasynyň çöküşine sebäp bolandygyny mälim edýär. CNN International biržadaky peselişi “Türkiýe bilen söwda söweşi Amerikan biržalaryny batyrdy” makalasy bilen beýan etdi. CNN Internationalda Fadi Hakura tarapyndan ýazylan habar analizde: “Günbatar Türkiýäni ýitirmegiň jerimesi agyr bolar” diýendigini belleýär.

Star gazedi: “Russiýadan wiza ýeňilligi” söz başyly habarynda, Ilçileriň 10-njy konferensiýasynyň 3-nji gününde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly çykyş edendigini habar berýär. Gazet çykyşynda meseläni Ankara sapar guran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşoglynyň: “Işewür adamlarymyza, esasan hem ýük ulaglarynyň sürüjilerine, resmi pasportlary bolanlara, serwis pasportlary bolanlara wizalaryň aýrylmagy babatynda ylalaşdyk” diýendigini nygtaýar. Habarda täze kararyň awgust aýynyň ahyrynda durmuşa geçirilmäge başlanjakdygyny aýdan Çawuşoglynyň: “Baýramdan soň, umumy toparlarymyz bir ýere jemlenip, ony ýola goýarlar” diýendigi ýazylýar.

Habertürk gazedi: “Iýul aýynda daşary ýurtly raýatlara ýaşaýyş jaýlaryň satuwlary artdy” söz başyly habarynda, daşary ýurtly raýatlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň şu ýyl geçen ýyla garanyňda 65,6 göterim artyp, 2 müň 858-e ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: birža , söwda , gazet , Ýeni Şafak

Degişli Habarlar