Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1031853
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan; Türkiýe ykdysady taýdan gabaw astynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Prezidentiň kompleksinda İlçileriň 10-njy maslahatynyň gatnaşyjylaryna berilen günorta naharynda eden çykyşynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sanksiýa kararyny kabul edip, biperwaý hereket edendigini nygtandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň Türkiýäniň soňky ýyllarda gazanan halkara üstünlikleri sebäpli nyşana alynandygyny belläp, soňky wagtlarda Türkiýäniň beýleki ugurlarda bolşy ýaly ykdysady taýdanda-da gabaw astyna alynandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Kalyn: Türk ykdysadyýeti çydamlydyr” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň sosial media hasabyndan ýazan habarnamasynda: Gazna we maliýe ministrligi, Merkezi bank, Ýokary bankçylyk edarasy, Maýa goýum bazarlary geňeşi we beýleki guramalarymyz maliýe durnuklylygy üçin degişli başlangyçlary edýärler. Türk ykdysadyýeti çydamlydyr. Hiç kim myş-myşlara ynanmasyn. Türkiýe bu tapgyrdan asgyn çykar” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýä maýa goýmaga çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň İlçileriň 10-njy maslahatynyň açylyşynda; “Şu günki günde Türkiýe tas ýarysy Ýewropa kontinentinde we beýleki ýerlerdäkiler bilen birlikde jemi 74 ýurtdan halkara maýa goýumyny kabul edýär. Şol maýa goýumlarynyň mukdaryny hasam artdyrmak üçin işläliň. Ähli kampaniýalara, toslamalara, myş-myşlara, dünýäniň başdan geçirýän agyr synaglaryna garamadan Türkiýe şu günki günde maýa goýmak üçin iň bir ynamdar ýerlerden biri” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Albaýrak: “Germaniýanyň beýanaty kanagatlandyrdy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň; “ABŞ-da Türkiýä garşy edilen soňky göçümler barada Germaniýanyň Ykdysadyýet ministriniň beýanatyndan diýseň hoşal boldum” diýendigini ýazýar. Gazet Albaýragyň: “Ýagşy niýetliligiň we diplomatiýanyň tarapynda durýan syýasatçylar Germaniýa we ÝB bilen bolan gatnaşyklarymyza türk halkynyň ynamyny güýçlendirer” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Yrakly syýahatçylar esasan Türkiýäni saýlap alýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň taryhy we tebigy gözellikleri bilen yrakly syýahatçylaryň ünsüni çekmäge dowam edýändigini nygtaýar. Gazet Yragyň esasanda günorta welaýatlaryndan Kerkuga we Erbile gelip, syýahatçylyk firmalarynyň guraýan gezelençlerine gatnaşýan hem-de Türkiýäni saýlap alýan syýahatçylaryň sanynyň günsaýyn artýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar