Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglı habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “BMG-niň Türkiýe baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, BMG-niň Siriýa boýunça geňeşçisi Ýan Egelandyň Siriýanyň İdlib şäherinde millionlarça adama howp abanýandygyny nygta, Idlibde bolmagy ähtimal çaknyşygyň öňüni almak üçin Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Egelandyň gerek bolan halatynda Türkiýä çagyryş ediljekdigihni we resmi Ankaradan şäherden gaçan halk üçin gümrük geçelgelerini açmagyny isläp biljekdiklerini aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Stambulyň täze howa menzilinden ilkinji uçuşyň wagty belli boldy” söz başyly habarynda, Stambulyň täze howa menzilinden ediljek ilkinji uçuşyň 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda sagat 14:00-da Stambuldan paýtagt Ankara ediljekdigini ýazýar. Gazet ilkinji daşary ýurt saparlarynyň bolsa Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna we Azerbaýjana guraljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk howaýollary uly üstünlige eýe” söz başyly habarynda, “Türk Howaýollarynyň ýolagçy sany üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasyndaky döwürde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 15,2 göterim ýokarlap, 43,2 milliona barabar boldy

THÝ-niň Jemgyýetçilik maglumat beriş platformasyndan berilen maglumata görä 2018-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasyndaky gatnaw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,2 göterim ýokarlap, 43,2 million adama deň boldy.

Ýolagçy sanyndaky artyş içerki gatnawda 17, halkara gatnawda 13,8 göterime barabar boldy. Ýolagçy mukdary bolsa 3,8 göterim ýokarlap, 81,2 göterime deň” diýip ýazýar.

“Star” gazeti “SSB bilen ASELSAN-yň arasynda HAWA SOŽ taslamasy boýunça şertnama baglaşyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli goranyş ulgamlaryna ýene-de birini goşandygyny, Goranyş senagaty edarasy bilen ASELSAN-yň arasynda Howa platformasynda Elektronik goldaw/Elektronik hüjüm ukyby uçarynyň 2023-nji ýylda Türk harby howa güýçleriniň inwentaryna goşuljakdygyny, “Hawasož” ulgamynyň integrirlenen uçarlarynyn söweş şertlerinde ýarag, parahatçylyk şertlerinde bolsa ýüz öwürdiji güýç hökmünde peýdalanyljakdygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäniň iň gadymy bagşylarynyň şaý-sepi” söz başyly habarynda, Mardin welaýatynyň Dargeçit etrabynyň Ylysu bendinde geçirilýän halas ediş işleriniň çäginde Bonjukly Tarla atly ilatly zolakda biziň eýýamymyzdan ozal 8200-nji ýyllara degişli gubyrdan bagşylaryň şaý-sepiniň tapylandygyna ünsleri çekýär. Gazet biri zenan biri erkek iki adamyň gubyryndan tapylan zynjyr bezegleriniň we monjuklaryň Mardin muzeýinde monjukly meýda witrinasynda sergilenýändigini habar berýär.



Degişli Habarlar