Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Söwda merkezi bazarynda Ýewropanyň iň çalt depginde ösýän ýurdy Türkiýe” söz başyly habarynda, “Ýewropanyň Söwda merkezlerini ösdüriş habarnamasynyň” 2018-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerini çap edilendigini ýazýar. Gazet habarnama görä 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda goşulan ululyk bilen liderliğini dowam etdiren Türkiýäniň jemi söwda merkezi giňişliginiň 500 müň inedördül metre barabardygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Dünýäniň iň uly gün energiýasy bekedi Konýada gurular” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly gün energiýa bekediniň Konýa welaýatynyň Karapynar etrabynda guruljakdygyny aýan edýär. Habarda ägirt uly bekediň ýylda 1,7 milliard kilowatt sagat elektrik toguny öndürjekdigi we 600 müň hojalygy ýok bilen üpjün etjekdigi, Taslamanyň gymmatynyň 1,3 milliard dollara barabardygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Star” gazeti “Döwlet Ýüpek ýoluny Hytaý bilen Türkiýe giňelder” söz başyly habarynda, 100 günlük iş meýilnamasynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ünsleri çekýändigini mälim edýär. gazet geçen ýyl başlan “Döwrebap Ýüpek ýoly” taslamasynyň gara ýollaryny, demir ýollaryny, deňiz portlaryny we energiýa göterijileri öz içine alýandygyny mälim edýär. Habarda taslama bilen Hytaý-Türkiýe arasyndaky söwda mukdarynyň birnäçe esse artjakdygy, Türkiýäniň täze maýa goýumlar üçin gerek boljak käbir serişleriň bir bölegini Hytaýa eksport etjek weksellerden aljakdygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli harby uçar öndüriler” söz başyly habarynda, F-16 uçarlarynyň ýerine ulanyljak harby uçarlaryň öndürilmegi maksady bilen durmuşa geçirilýän “Milli söweşiji uçar taslamasynyň” alynky tapgyry we önümçilik desgasyna gerek bolan maýa goýumlar üçin Türk Awiasiýa we Kosmos Senagaty TUSAŞ-yň käbir maýa goýumlarynyň goýjakdygyna ünsleri çekýär. Gazet maýa goýumlaryň “ýokary höweslendiriş” hökmünde häsýetlendirilýän döwlet kömegi bilen goldanjakdygyny ýazýar. Uçaryň konsepsiýa dizaýnynyň tamamnyp barýar, “100 günlük iş meýilnamasynyň” çäginde “alynky dizaýn” tapgyryna geçilip, önümçilik tapgyryna başlanar.

“Sabah” gazeti “Paris Hilton türk ertirlik naharyny halady” söz başyly habarynda, medeni çarelerden birine gatnaşmak üçin Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna baran dünýä meşhur amerikaly modelýar, aýdymçy, aktrisa we ýazyjy Paris Hiltonyň bolan myhmanhanasynyň otagyna serwis edilen türk ertirlik naharynyň wideo ýazgysyny sosial media hasaby arkaly ýaýradandygyny ýazýar. Gazet şu gün ir ertir myhmanhanadan gaýdan Paris Hiltonyň wideo ýazyğyny “Türk ertirlik nahary” söz başysy bilen ýaradyp, ertirlik naharyny diýseň halandygyny beýan edendigine ünsleri çekýär.


Etiketkalar: wideo , gazet , Konýa , nahar

Degişli Habarlar