Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Daşary işler ministrligi Gresiýa reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliniň metbugat sekretary Hami Aksoýyň Gresiýanyň Adalat ministri Stawros Kontonisiň Türkiýede gözlenýan terrorçylaryň sanawyndaky Türkiýe Kommunist partiýasy/Marksist-Leninist-iň  (TKM/ML) agzasy Turgut Kaýanyň yzyna berilmegi baradaky islegiň kabul edilmezligine reaksiýa bildirendigini ýazýar. Gazet Aksoýyň: “İntrpol tarapyndan gyzyl býulleten çykarylan Turgut Kaýanyň Gresiýanyň kazyýeti tarapyndan yzyna berilmegi barada karar kabul etmegine garamazdan Gresiýanyň Adalat ministriniň karary bilen ýurdumyza berilmezligi Gresiýanyň syýasy ygtyýarynyň ýurdumyza garşy adaty refleksleriniň üýtgemändigini görkezýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Pekjan söwdanyň täze iş meýilnamasyny beýan etdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň Türkiýäniň eksportyň ösdürilmegi ugrundaky ýokary tagallasynyň dowam etjekdigini nygtap; “Netijeli we ýurtlara görä strategiýalar bilen täze bazarlara gireris. Şol çäkde Hytaý, Latyn Amerika, Hindistan, Meksika we Afrika ýaly potensial bazarlara gönügeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň awtoulag pudagynyň eksporty iýul aýynda ýokarlady” söz başyly habarynda, Awtoulag senagatynyň iýul aýyndaky eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13,8 göterim ýokarlap, 2,76 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar. Gazet ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda kiçi awtoulaglaryň eksportynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 7 göterim ýokarlap, 7,6 milliard dollara deň bolandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “İňlis kanalyny geçen iň ýyndan türk zenany” söz başyly habarynda, türgen Bengisu Awjynyň Britaniýa bilen Fransiýany biri-birinden aýyrýan İňlis kanalyny ýüzüp geçen iň ýyndam türk zenany derejesine eýe bolandygyny ýazýar. Habarda ýaş türgeniň kanaly geçmek üçin 36 kilometr üznüksiz ýüzendigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň ilkinji elektrik tokly awtobusy Hajettepede ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji gysga möhletde elektrik bilen doldurylýan, doly ýerli awtobusynyň Ankarada Hajettepe uniwersitetinde talyplara hyzmat etjekdigini ýazýar. Gazet daşky gurşawa zyýansyz görnüşde öndürilen awtobusyň fosil ýangyç bilen däl, eýsem elektrik togy bilen işlejekdigine ünsleri çekýär.


Etiketkalar: elektrik tok , gazet , Sabah , Watan

Degişli Habarlar