Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1025086
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti “Trampa garşy ýek ýürek” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň karary bilen Türkiýäniň iki ministrine sanksiýa goýulmagyna garşy uly reaksiýanyň bardygyny ýazýar. Gazet syýsatdan kazyýete, işewür dünýäsinden jemgyýetçilik guramalaryna çenli ähli gatlaklardan beýanatlaryň berilendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “İne Brunsonyň FETÖ we PKK bilen bolan gatnaşygy” söz başyly habarynda, içalylyk edendigi we Fetullahçy terror guramasy hem-de PKK üçin jenaýat edendigi sebäpli İzmirde jenaýat işine çekilen, häzirki wagtda öý tussaglygynda saklanýan amerikaly ruhany Andrew Brunson barada taýarlanan aýyplawnamada FETÖ-niň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklarynyň ýeke-ýekeden beýan edilýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Habarda aýyplawnamada Brunsonyň İzmirde işleýändigine garamazdan PKK üçin gönüden gündogar etraplaryna baryp, nähili işländiginiň hem nygtalýandygy mälim edilýär.

“Watan” gazeti “Howplaryň öňüni Kangal alar” söz başyly habarynda, “ASELSAN” tarapyndan öndürilen täze radio ulgamlaryň howpsyzlyk güýçleriniň inwentaryna goşulandygyny ýazýar. Gazet radio ulgam bilen gönükdirilýän ulgamlar bilen guralýan hüjümleriň öňüni aljak “Kangal” ulag radio tolkun bozujy ulgamlarynyň howpsyzlyk güýçleriniň ulaglaryna gurlup, ulaglara guraljak hüjümleriň öňüniň alynjakdygyny nygtaýar.

“Star” gazeti “ Taryhy Aýaş teatry 2 müň ýyl soň tomaşaçylaryny kabul eder” söz başyly habarynda Mersin welaýatynyň Erdemli etrabynda ýerleşýän Rim döwründen galan 2 müň ýyllyk taryhy Aýaş teatrynyň 3-8-nji awgust günlerinde “Aýaş taryhy teatr festiwalyna” ýer eýeçiligini etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bürgüt arkaýynlyk bilen” söz başyly habarynda, Beşiktaşyň UEFA-nyň Ýewropa ligasynyn 2-nji seçip alyş turnirinde bäsdeşini 6-0 hasabynda utup, 3-nji tapgyra geçendigini ýazýar.



Degişli Habarlar