Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “ABŞ-niň haýbatly dili kabul edilmez” söz başyly habarynda, Prezidentiň Dolanşyk ulgamynyň durmuşa geçirilmeginden soň, täze gurluşy bilen Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek jemlenen Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynyň beýannamasynda ABŞ tarapyndan Türkiýä garşy ulanylan hemleli diliň gatnaşyklara sylagsyzlykdygy we asla kabul edilmejekdigi bellenendigi habar berilýär.

Watan gazedi: “ABŞ-den Türkiýä tankydy sapar” söz başyly habarynda, ABŞ-niň Ýewropa güýçleri we NATO Hyzmatdaş güýçleriň operasiýa serkerdesi Kýortis Skaparottiniň 1-nji awgustda çarşenbe güni Türkiýä sapar gurap, Siriýa bilen bagly meseleleri maslahatlaşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Hytaýyň gözi Türk bazarynda” söz başyly habarynda, Hytaýdaky gymmat bahaly daşlar sergisine baran türk işewür adamlaryna ýoldaşlyk eden hytaýly resmileriň Türkiýäniň bazaryna girmäge taýýardygyny belläp, ol ýerden Ýewropa ýurtlaryna açylmagy maksat edinýändiklerini aýdandyklaryny mälim edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Kosowa ilkinji ýel energiýa desgasy üçin türk kärhanasy bilen ylalaşdy” söz başyly habarynda, Kosowanyň ilkinji ýel energiýa desgasynyň satuw şertnamasyna gol çekilendigini habar berýär. Gazet Kosowada maýa goýan türk kärhanasy Güneş Holdinge degişli Kitka RES-de ýylda 95 million 600 müň kWt/sagatda elektrik tok öndürilmäge garaşylýandygyny beýan edýär.  

Star gazedi: “Pamukkaledäki syýahatçy sany 780 müň 207-ä ýetdi” söz başyly habarynda, Denizli welaýatynyň gubernatory Karahanyň 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Pamukkale gelen syýahatçylaryň sanynyň 535 müň 275 bolan bolsa, 2018-nji ýylyň şol döwründe syýahatçy sanynyň 780 müň 207-ä ýetendigini aýdandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: NATO , Watan , gazet , dünýä

Degişli Habarlar