Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana gurady” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň kasam edişlik dabarasyndan soň, ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana gurandygyny habar berýär. Gazet ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, Erdoganyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň umumy metbugat ýygnagyny geçirendigini beýan edýär. Habarda iki ýurdyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň üstünde durup geçen iki lideriň, beýanatlarynda dostluk ýüzlenmelerini berendigi bellenýär.

Hürriýet gazedi: “Erdogan: Kipr milli dawamyz” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Azerbaýjana guran ilkinji daşary ýurt saparyndan soň, DKTR-a sapar gurandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen geçiren metbugat ýygnagynda eden çykyşynda: “Kipr milli dawamyz, maksadymyz Kiprde adalatly we hemişelik çözgüdiň tapylmagy. Türkiýe Kiprde ýaşaýan türk halkynyň çözgütsizliginiň zyýanyny çeken tarapy bolmagyna asla göz ýummaz. Türkiýe kiprli türkleriň Kipr Grek döwletinde azlyk ýagdaýyna getirilmegine asla rugsat bermez” diýendigini nygtaýar.

Star gazedi: “Türkiýe Efiopiýa-Eritreýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagyndan hoşal” söz başyly habarynda, Türkiýäniň parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan iki goňşy ýurt Efiopiýanyň we Eritreýanyň arasynda gol çekilen umumy deklarasiýadan hoşaldygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: “ATAK dikuçarlary NATO maslahatynda çykyş eder” söz başyly habarynda, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde 11-12-nji iýul aralygynda geçiriljek NATO maslahatynda aralarynda Türkiýäniň hem dikuçarlary bolan 20 harby dikuçaryň çykyş etjekdigini habar berýär.

Watan gazedi: “THÝ-niň jemi ýolagçy sany ýyllyk artdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň iýun aýynda jemi ýolagçy sanynyň ýyllyk derejede 10,6 göterim artyp, 6,3 million adama ýetendigini beýan edýär.


Etiketkalar: NATO , THÝ , Watan

Degişli Habarlar