Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

991725
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “TANAP ulanmaga berildi” söz başyly habarynda, Türkiýe we Azerbaýjan tarapyndan gurluşygy üç ýyldan bäri dowam etdirilen, Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak Trans Anatoliýa Tebigy Gaz Geçirijisi TANAP-yň dabara bilen açylandygyny ýazýar. Gazet TANAP-yň açylyş dabarasyna Prezident R.T.Erdoganyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň, Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýewiň, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujijiň we Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Petr Poroşenkonyň gatnaşandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ýyldyrym: Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk maksady dowam edýär” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň İzmirde Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen toparara duşuşyk geçirendigini mälim edýär. Habarda Ýyldyrymyň; “Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk maksady dowam edýär, emma ÝB gelejek bilen bagly pozisiýasyny kesgitlemeli we düşünjesini aç-açan beýan etmeli” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Şimşek: Hemmesini ABŞ-dan çekdik” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň ABŞ-daky Türkiýä degişli altyn ätiýaçlarynyň ählisiniň çekilendigini beýan edendigini ýazýar. Gazet Şimşegiň; “Amerikadaky altyn ätiýajymyzyň ählisini çekdik. Ol ýerde hiç zat goýmadyk” diýen sözelerine ünsi çekýär.

“Star” gazeti “Dünýä belli “MSC” Türkiýä sapar gurar” söz başyly habarynda, “Mediterranean Shipping Companny” firmasynyň başlygy Diego Apontäniň “Dünýäniň az sanly ýurduna baryp bilýän ägirt konteýner gämilerimiz indi Türkiýä hem sapar gurar” diýen sözelerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk oýunlary dünýäni gurşap aldy” söz başyly habarynda, dünýäni gurşap alan türk seriallaryna ýerli oýunlaryň hem goşulmaga başlandygyny mälim edýär. Habarda türk inženerleri tarapyndan düzülen köp sanly oýunyň global ligada tanalýandygy, şolardan “Zula” atly oýunyň 100-den gowrak ýurtda oýnalýandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar