Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurları bilen baglı habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

966167
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Dünýän “one minut” diýse, Palestinada zulum galmaz” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Paslestina meselesiniň çözülmegi barada; “Haçanda bütin adamzat zalymlara “one minut” diýen halatynda, ine şonda bu zulum ortadan aýrylar” diýendigini ýazýar. Gazet Stambulda “İýerusalimiň soňky aşyry” atly dokymental filmiň galasyna gatnaşan ERdoganyň Palestina we İýerusalim meselesiniň diňe bir milletiniň gowgasy däldigini nygtandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Balkanlardaky iň güýçli ýurt” söz başyly habarynda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujijiň Türkiýä Balkanlarda howpsyzlygy we parahatçylygy üpjün edendigi üçin sagbolsun aýdandygyny mälim edýär. Habarda Prezident R.T.Erdogan bilen paýtagat Ankarada geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Serbiýanyň Prezidentiniň başga ýurtlarda Türkiýede garşylanyşy ýaly garşylanmandygyny beýan edip, Erdogana sagbolsun aýdandygyny, türkleriň işlerini göwnejaý edýändigini we hakykatdan hem işeňňirdigini nygtan Wujijiň türk maýdarlaryny ýurdunda maýa goýmaga çagyrandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Sabah” gazeti “Jarablusa dolanyp baran halk: durmuşymyzdan hoşal” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň we Azat Siriýa goşunynyň operasiýalary bilen terrordan saplanan Siriýanyň Jarablus şäherinde kadalaşan durmuş şertleriniň metbugatda beýan tapýandygyny ýazýar. Gazet Britaniýanyň “Finansal Taýms” gazetininiň türk ýolbaşçylarynyň çakylygyna laýyklykda Jarablusa baryp, durmuş şertleri bilen ýerinde tanyş bolup, bu barada habar çap edendigini, 2016-njy ýyldaky “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terror guramalary PKK/ÝPG-PÝD we DAİŞ-den saplanan Jarablusyň halkynyň Türkiýeden diýseň hoşaldygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ekstremist terror guramasy PKK Munbiçden iýulda çykar” söz başyly habarynda, resmi Ankaranyň Siriýanyň Afrin etrabyna guran “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan soň ilkinji nyşanasynyň Munbiç boljakdygyny birnäçe gezek beýan edendigini, Türk ýaragly güýçleriniň iýul aýynyň ikinji hepdesinde Munbiçe operasiýa guramak üçin Jarablus-Al Bab liniýasyndan taýarlyklaryny dowam etdirýärkä ABŞ-nyň Türkiýe bilen Munbiç meselesinde ylalaşyk meýilnamasyny taýarlamagy kabul edendigini, emma Türkiýäniň güýmeme taktikasyna seresaply çemeleşýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Türkiýe bolmasa F-35 taslamasy başa barmaz” söz başyly habarynda, Harby elektronika senagaty ASELSAN-yň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we baş müdiri Haluk Görgüniň Türkiýäniň goranyş senagatynda ýerlilik derejesinin ýurduň goranyşynda ýeterlik çäge ýetendigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Görgüniň döwrebap harby uçarlardan biri bolan F-35-iň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamynyň alynmagy sebäpli Türkiýä satylmajakdygy baradaky habarlar hakynda: “Men haýsydyr bir kynçylygyň, päsgelçiligiň ýüze çykmagyna garaşmaýaryn. Biz taslamadan çetleşdirilen halatymyz taslama başa barmaz” diýen sözlerini çap edýär.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #Balkanlar , #Erdogan

Degişli Habarlar