Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

919845
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Alžir bilen milliard dollarlyk ylalaşyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýe-Alžir İşerwürler Maslahatynda sözlän sözünde “Alžiriň milli energetika kompaniýasy “SONATRACH” bilen ýurdumyzyň belli firmalaryndan biri bolan “Rönesans” we “Baýegan” Adanada Ýumurtalyk erkin söwda zolagynda 1 milliard dollarlyk nebit-himiýa maýa goýumy barada ylalaşyk gazandy” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe Çehiýa nota berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-niň ýolbaşçysy Salih Müslümi azat eden Çehiýa nota berendigini ýazýar. Gazet Alžirde saparda bolýan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň žurnalistlere mesele boýunça beren beýanatynda PÝD/ÝPG-niň ýolbaşçysynyň çeh kazyýeti tarapyndan azat edilmegine nägileligini bildiren Çawuşoglunyň: “Çehiýa nota berdik, bu işiň yzyndan galmarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Şimşegiň eksportçylara ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Wise-premýer Mehmet Şimşegiň Stambulda guralan serginiň açylyşynda sözlän sözünde Türkiýäniň ünsüni eksporta gönükdirmek maksadynyň bardygyny nygtap, pudagyň wekillerine: “Hökümet siziň ýanyňyzda, biz size ähli goldawy bermäge taýar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Gazagystandan türk işewürlerine 47 maýa goýum taslamasy” söz başyly habarynda, Gazagystanyň türk işewürlerine ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda 47 sany maýa goýum taslamasyny teklip edendigini ýazýar. Habarda Gazagystanyň Premýer ministrliginden berilen beýannamada “Kazak İnwest Halkara Maýa Goýum” firmasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Saparbek Tuýakbaýewiň geçen hepde Türkiýä guran saparynyň çäginde türk işewürleri bilen duşuşandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä ilkinji gezek Türkiýede synagdan geçiriler” söz başyly habarynda, İspaniýada dünýäniň öňdebaryjy firmalary bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministrliginiň gatnaşmagynda “Mobil dünýä maslahatynda” gazanylan ylalaşyk bilen 5G we döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dünýäde ilkinji gezek Türkiýede synag geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar