Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

914150
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň 2018-nji ýylyň fewral aýynyň 26-sy bilen mart aýynyň 2-si aralygynda Alžir, Mawritaniýa, Senagal we Mali ýaly Afrika ýurtlaryna sapar gurajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Prezident Erdoganyň saparynyň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklar meselesi esasy orun eýelejekdigini belleýär. Habarda Prezident Erdoganyň saparda boljak ýurtlarynyň liderlerine BMG-da dekabr aýynda geçirlen sese goýulşykda Iýerusalimiň statusynyň goralyp saklanmagyna beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirjekdigi beyan edilýär.

Star gazedi: “Türk Akymynyň deňiziň içinden geçiriljek böleginiň 48 göterimi tamamlandy” söz başyly habarynda, Türk Akymy taslamasynyň deňiziň içinden geçjek bölegindäki iki turbanyň jemi 884 kilometriniň çekilendigini we taslamanyň deňiziň içinden geçjek böleginiň 48 göteriminiň tamamlanandygyny habar berýär. Gazet Türk Akymy taslamasyndan berilen beýanatda Pioneering Spirit gämisi tarapyndan gurulýan ilkinji turbanyň Bolgariýanyň aýratyn ykdysady zolagynyň golaýyndaky 660-njy kilometriniň hem çekilendigi nygtaldy. Habarda Türkiýäni tebigy gaz bilen üpjün etjek ady agzalan taslamanyň 70 göteriminiň tamamlanandygy ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “6,5 million hytaýly syýahatçy täze ýyl baýramçylygynda, türk syýahatçylar umytly” söz başyly habarynda, 6,5 million hytaýly syýahatçynyň öz ýurtlaryndaky täze ýyl baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtlara çykmaga taýarlanýandygyny belleýär. Gazet Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň Hytaýda Türkiýe Syýahatçylyk ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen başda Stambul, Kappadokiýa we Pamukkale bolmak bilen bir hepdäniň dowamynda müňlerçe hytaýly syýahatçynyň Türkiýä gelmegine garaşýandyklaryny nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: “Ýaponlar Türkiýäniň pomidor suwuny halady” söz başyly habarynda, pomidor eksportynyň artan ýyly bolan 2017-nji ýylda pomidoryň suwunyň eksportynyň hem 2016-njy ýyla garanyňda 72 göterim artyp, 3 müň 238 tonna ýetendigini mälim edýär. Gazet bu gök önümiň suwundan alynan walýuta girdejisiniň bolsa 32 göterim artyp, 1 million 523 müň dollara ýetendigini habar berýär. Habarda pomidor suwunyň eksportynyň artmagyna Ýaponiýanyň artan talabynyň täsirli bolandygy ýazylýar. Gazet Ýaponiýa eksport geçen ýyl 156 göterim artyp, 2 müň 271 tonna ýetendigini, bu ýurda pomidoryň suwunyň eksportyndan alynan girdejiniň bolsa 129 göterim artyp, 947 müň dollara ýetendigini beyan edýär.  Türkiýeden 55 ýurda pomidor suwy eksport edilýär.


Etiketkalar: #Watan , #gazet , #pomidor

Degişli Habarlar