Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

893953
Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Ýeňişimiz ýakyndyr” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýanyň Afrin etrabyny terrorçylardan saplamak üçin guralýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň gysga möhletde tamamlanjakdygyna ynanýandygyny nygtap: “Ýeňiş ýakyn” diýen sözelerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň “Durduk, durduk bir gije duýdansyz urduk. Olar gaçar, biz kowarys” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Gahrymanlar Afrinde” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň türk goşunynyň düýn 11:05-de Gülbaba diýilýän ýerden serhetden geçendigini habar berip, “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada möhüm maglumatlar berendigini ýazýar. Habarda sebitde 8-10 müň terrorçynyň bardygyny aýdan Ýyldyrymyň operasiýanyň 4 tapgyrdan ybarat boljakdygyny aýdandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Karargäh serhetde” söz başyly habarynda, Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akaryň, harby güýçleriň serkerdeleri bilen bilelikde Hataý welaýatynda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyna gatnaşýan harby bölümlere baryp görendigini, general Akaryň: “Mehmetçik asuda ilata zeper ýetmezliği üçin ähli çäräni görer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “153 pozisiýa derbi-dagyn” söz başyly habarynda, Afrini terrorçylardan saplamak üçin guralýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň birinji gününde howadan we gury ýerden jemi 153 PÝD we DAİŞ pozisiýasynyň bombalandygyny mälim edýär. Habarda Türk ýaragly güýçleriniň diňe bir terrorçylaryň nyşana alýan operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigi nygtalýar.

“Watan” gazeti “Milli uçarmansyz howa ulaglary Afrinde iş alyp barýar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçlerinbiň Afrinde terror guramasy PKK/PÝD-ä garşy başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda ilkinji gezek täze tehnologiýalar bilen öndürilen Milli uçarmansyz howa ulaglarynyň ulanylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet türk esgerlerinibň terror öýjüklerini ýeke-ýekeden ýumurýan bolsa, terrorçylaryň gaçara ýer tapmaýandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar