Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Ierusalim üçin işe girişdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-nyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşy işe girişendigini ýazýar.

Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabyna ýaramaz täsirini ýetirjek karara garşy telefon diplomatiýasyny dowam etdirýän Prezident Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň adatdan daşary ýagdaýda 13-nji dekabrda Stambulda geçirilmegi üçin çagyryş berdi.

“Watan” gazeti TBMM-den Ierusalim üçin bilelikdäki jarnama” söz başyly habarynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde wekilçilik edýän 4 syýasy partiýanyn ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalim kararyna garşy bilelikde jarnama çap edendigini ýazýar.

ABŞ-nyň ıeursalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşy syýasy partiýalar tarapyndan taýarlanan bilelikdäki jarnama TBMM-niň Baş Assambleýasynda okaldy.

Jarnamada TBMM-niň şol karary asla kabul etmejekdigi dünýä halk köçüligine ýetirildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Ierusalim üçin aýaga galdy” söz başyly habarynda ABŞ-nyň İerusalimi basyp alyjy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşy Türkiýäniň aýaga galandygyny ýazýar.

Birnäçe welaýatda halk taryhyň dowamynda musulmanlar üçin mukaddes bolan İerusalime goldaw bermek üçin köçä çykdy we ABŞ-nyň kararyna nägilelik bildirdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe bilen Russiýa 3-nji howa ýoly meselesinde ylalaşyk gazandy” söz wbaşyly habarynda rus we türk awiasiýa pudagynyň ýolbaşçylary Moskwa bilen Antalýanyň arasynda hepde-de 7 gezek uçar saparlarynyň guralmagy üçin üçünji howa ýoly firmasynyň işe başlamagy meselesinde ylalaşyk gazanandygyny habar berýär.

Häzirki wagtda Moskwa-Antalýa uçarlar saparlary rus awiasiýa firmasy Aeroflot we Türk howa ýollary tarapyndan amala aşyrylýar.

“Haber Türk” gazeti “Akylly makaron Ýaponiýa gidýär” söz başyly habarynda 1998-nji ýylda Konýada makaron öndürmäge başlan firmanyň Türkiýäniň Ylym we tehnalogik barlaglar guramasy TÜBITAK-yň goldaw bermeginde 3 ýyl dowam eden ylmy barlagdan soň E witamini we protein taýdan has  baý bolan makaron öndüräge başlandygyny we “akylly makaron” hökmünde bilinýän şol makarony Ýaponiýanyň başda durmagynda 10 ýurda eksport etjekdigini nygtaýar.


Etiketkalar: syn , metbugat , türk metbugaty

Degişli Habarlar