Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet gazeti” “Batmaýan güneş” söz başyly habarynda, Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan gününiň 79-njy ýylynda onuň guran döwrebap, demokratik Türkiýe düşünjesiniň ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyny ýazýar.

Gazet türk halkynyň döwrebap Türkiýäniň esaslandyryjysy M. K. Atatürki söýgi, hormat we hesret bilen hatyralaýandygyny belleýär.

Her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Türkiýäniň çar tarapyndan ynanjyna we garaýşyna garamazdan 7-den 70-e çenli ýüz müňlerçe adam Atatürki hatyralamak üçin Atatürkiň aramgähine geler.

Prezident R. T. Erdogan 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni mynisibetli çap eden ýüzlenmesinde “Gazi Mustafa Kemal milli azat edijilik söweşini gönükdirip uly ýenişler gazanan, halky jebisleşdirip guran Respublikasy bilen dünýä ýurtlarynyň ünsünü özüne çeken gahryman esger we sylanýan liderdir” diýdi.

“Watan” gazeti “Täze sahypa açylar” söz başyly habarynda Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň ABŞ-na guraýan saparynyň çäginde Wise-prezidenti Maýk Pens bilen duşuşandygyny ýazýar.

Waşington şäherinden Nýu-Ýork şäherine geçen Premýer ministr Ýyldyrym uçarda beren beýanatynda duşuşygyň netijeli geçendigini we  jenap Pens bilen iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla edilýär. FETÖ meselesinde anyk tagalla edilmeli”diýdi.

Duşuşyk hakynda Ak Tamdan berlen ilkinji beýanatda hem “İki ýurduň arasyndaki gatnaşyklarda täze sahypa açylar” diýildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “BMG-nyň Baş sekretary Türkiýä minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ABŞ-na guraýan saparynyň çäginde  BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşandygyny habar berýär.

Ýyldyrym Guterreş bilen geçiren duşuşygy barada: “Türkiýäniň sebitinde bar bolan durnuksyzlygyň ýüze çykaran netijelerin we göçleriň, bosgunlar meselesiniň emele getiren ýüküniň Türkiýe tarapyndan nähili pidakärlik bilen göterilýändigini Hormatly Baş Sekretar beýan etdi. Elbetde biziň tamamyz BMG-na agza ähli ýurtlaryň şol ýüki götermäge ýardam bermegi” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň täze hemralary halkara güýç bolar” söz başyly habarynda 2020-njy we 2021-nji ýylda uçuruljak Türksat hemralary üçin şertnama baglaşylandygyny habar berýär.

Elon Musk firmasynyň uçurjak hemralary Türkiýäniň halkara güýç ýagdaýynda gelmeginde esasy rol oýnar.



Degişli Habarlar