Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

836947
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Türkiýe oýnalýan oýuny bozar” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdogan käbir güýçleriň global we sebitleýin derejede bir topar ssenariýany durmuşa geçirmäge synanyşýandygyny aýdandygyny beýan edýär. Gazet Türkiýäniň günortasynda bir terror döwletiniň esaslandyrylmaga synayşylýandygyny aýdan Erdoganyň Türkiýäniň bu oýnalýan oýuny bozmaga ýetjek güýje eýedigini aýdandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň: “Respublikamyzyň 94-nji ýylyny belläp geçýändigimize seredip Türkiýäni täze bir döwlet diýip pikir edýänler geçmişdäki müňlerçe ýyllyk tejribäni, güýji görenoklar. Garşymyzdakylar hukuga görä hereket edýän bolsalar, biz ony hukugyň düzgünleri bilen bozarys. Emma garşymyzdakylar bularyň hiç birine boýun bolmaýan bolsa, onda biz bu oýuny zor bilen bozarys” diýendigi mälim edilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Uçarmansyz howa ulagy gelýär” söz başyly habarynda, Goranmak senagaty müdüriýeti uçarmansyz howa ulaglarynyň we döwrebap guryýer ulaglarynyň öndürilmegi üçin işe girişendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýerli uçarmansyz howa ulagynyň öndürilmegi üçin Roboik bäsleşiginiň geçirilmäge başlanandygyny habar berýär. Habarda Türkiýäniň birnäçe ýylyň dowamynda özbaşdak, öz ýoluny bilen we berilen wezipäni uzkada hem bolsa ýerine ýetirip biljek harby ulaglary öndürmek isleýändigi ýazylýar.

Haber Türk gazedi: “Stambulyň ykdysadyýeti 130 ýurtdan ösen” söz başyly habarynda, Stambulyň welaýat häkimi we Stambul galkynyş agentliginiň başlygy Wasip Şahiniň 349 milliard dollarlyk ykdysadyýeti bilen Stambulyň dünýäniň 130 ýurdundan has ulydygyny aýdandygyny nygtaýar. Gazet Stambulyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň takmynan 40 göterimine deňdigini aýdan Wasip Şahiniň: “Stambulyň ýeke özüniň girdejisi bilen Rumyniýa, Wengriýa, Horwatiýa we Lýuksemburg ýaly Ýewropanyň 25 ýurdyndan geçýär we dünýäniň 130 ýurdyndan has uly ykdysadyýete eýe” diýendigine ünsi çekýär.

Star gazedi: “Dünýäniň medeniýete baý ýurdy Türkiýe” söz başyly habarynda, Antalýanyň gadymy Perge şäherine baryp gören Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuşyň gadymy şäheriň dünýä açylmalydygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda gadymy şäheriň ajaýyp bir ýerdigini, emma örän az bir böleginiň derňelendigini aýdan ministr Kurtulmuş gadymy Perge şäherinde gazuw-agtaryş we abatlaýyş işleriniň dowam edýändigini we dünýäniň hiç bir ýerinde bular ýaly medeni baýlygyň ýokdygyny aýdandygy bellenýär.

Watan gazedi: “Russiýa syýahatçylykda esasy bazar” söz başyly habarynda, şu ýyl 3 million 333 müň syýahatçy bilen Türkiýä iň köp syýahatçy iberen ýurtlaryň sanawynda 1-nji orunda bolan Russiýa bilen baglanşykly gowy tamalaryň artandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Myhmanhanalar Bileleşiginiň Baş sekretary Hediýe Güral Güriň: “2018-nji ýylda Türkiýäniň esasy syýahatçylyk bazary Russiýa bolmagy täsin bolmaz” diýendigini beýan edýär. Habarda 2019-njy ýylyň Russiýanyň we Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn ýagdaýda “Medeniýet we syýahatçylyk ýylydygyny” ýatladan Güriň: “Muny netijelendirmek, ediljek işleri eýýäm häzrden başlap meýilleşdirmegimiz örän möhüm” diýendigi habar berilýär.



Degişli Habarlar