Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “ABŞ wiza krizisini çözmek üçin herekede geçdi, wekiliýet iberýär” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan bir wekiliýetiň wiza krizisi bilen baglanşykly gepleşikler geçirmek üçin öňümizdäki hepde Türkiýä geljekdigini öňe sürdi. Gazet ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň resmileriniň wekiliýete Daşary işler ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Jonatan Koeniň ýolbaşçylyk etjekdigini aýdandygyny habar berýär. Habarda ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçihanasy geçen hepdäniň ýekşenbe güni Twitter hasabyndan türk raýatlaryna berilýän wizalaryň bes edilendigini, şoňa jogap hökmünde Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasynyň amerikan raýatlaryna berilýän wizalaryň bes edilendigini nygtandygy beýan edilýär. Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bu jogabyň berilmegini özüniň buýruk berendigini belledi. ABŞ-nyň Stambuldaky Baş kosnullugynda işleýän adamyň FETÖ bilen arabaglanşygynyň bardygy bellenip kazyýet tarapyndan tussag edilipdi.

Star gazedi: “Türkiýe Ortaýer deňizinden umytly, ilkinji çuň buraw 2018-nji ýylda” söz başyly habarynda, Antalýadaky Energetika maslahatynda soraglara jogap beren Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň nebitde we tebigy gazda ilkinji çuň burawyň 2018-nji ýylda Ortaýer deňizinde başlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Albaýragyň: “Ortaýer deňizinden örän we örän umytlydyrys” diýendigine ünsi çekýär. Habarda Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen ummansyz girdejiniň boljakdygyny aýdan Albaýragyň Türkiýäniň ýokary liga çykmak üçin energetika babatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygynyň azaldylmagynyň örän wajypdygyny aýdandygy ýazylýar.

Sabah gazedi: “Terror koridoryna 4 operasiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terror koridory oýunyna garşy ýola goýmak isleýän harby meýilnamasynyň jikme-jikligi şu aşakdakylardan ybarat: Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyndaky serhet liniýasyndan Idlibe giren Azat Siriýa goşuny bilen türk esgerleriniň ilkinji barjak ýeri Idlibiň demirgazygyndaky Dar Ta Izzah bolar. Ilkinji meýilnama bolan Idlibdäki terrorçylaryň saplanmagy operasiýasy ol ýerden dolandyrylar. Idlibiň terrorçylardan saplanmagy bilen Idlib- Dar Ta Izzah liniýasy ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän koridoryň ilkinji etabyny emele getirer. Operasiýanyň 2-nji etabynda koridory Ýewfrat Galkany sebite ýetiriljek göçüm ediler. ÝPG-niň bogmak operasiýasynyň çäginde terror guramasy ÝPG-niň gözegçiligi astynda bolan Afriniň günortasyndaky Jinderisi bilen Halapyň demirgazygyndaky Tel Ryfat etraby terrorçylardan arassalanyp howpsyz zolak emele getiriler.

Watan gazedi: “Türkiýe bilen Eýranyň arasynda razwedka hyzmatdaşlygy” söz başyly habarynda, soňky wagtlarda diplomatiýa gatnaşygyny artdyran Türkiýäniň we Eýranyň aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy umumy göreş alyp barjakdyklaryny habar berýär. Gazet Türkiýäniň we Eýranyň özara serhet howpsyzlygy, razwedka paýlanşygy we koordinasiýa meselelerinde hyzmatdaşlyk etjekdigini belleýär.

Haber Türk gazedi: “Milli önüm Altaý taňklaryň seriýaly öndürilmegine taýarlyk görülýär” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty müdüriniň orunbasary Ismail Demiriň ýurdyň içinde öndürilýän Altaý taňklarynyň seriýaly öndürilmek üçin tender açandyklaryny we tekliplere garaşýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: wekiliýet , krizis , wiza , ABŞ

Degişli Habarlar