Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Russiýa we Eýran bilen ylalaşyk içindediris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Gazagystan saparyndan soň metbugat işgärlerine beýanat berendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň: “Esasan hem Idlib barada şulary aýdyp bilerin. Aýyň 14-ne geçiriljek Astana gepleşikleri örän wajyp. Häzirki wagtda Idlibde Russiýa bilen ozaldan ylalaşyşymyz ýaly etaby dowam etdirýäris we bu etap häzirki wagtda işleýär. Russiýa bilen aramyzda bu mesele babatynda hiç hili düşünişmezlik ýok. Eýran bilen geçiren gepleşiklerimizde hem düşünişmezlige sebäp bolup biljek hiç hili mesele gün tertibe gelmedi. Astana gepleşiklerinden soň aramyzdaky gepleşikleriň şular ýaly ýagdaýda dowam etjekdigine ynanýaryn. Gelinen soňky netijelere görä isleýşimiz ýaly dowam edýär” diýendigini belleýär.

Star gazedi: “Arakana kömekler artýar” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde başlanan Arakana iberilýän ynsanperwer kömekleriň mukdarynyň artandygyny habar berýär. Gazet Wise-premýer Rejep Akdagyň Bangladeş bilen bu ýurda sygynan arakanly musulmanlara wagtlaýyn we dowamly kömek bermek maksady bilen gepleşiklere başlandyklaryny aýdandygyny nygtaýar. Habarda Türkiýäniň adamzadyň wyždanydygyny aýdan Akdagyň: “Türk milletiniň jomartlygynyň saýasynda emele getirilen maliýe çeşmelerimiz bilen arakanly doganlarymyza ýardam elimizi ýene-de bir gezek uzadarys. Türkiýe bu babatda adamzadyň wyždany boldy we şolar ýaly bolmagyny dowam etdirer. Bu biziň ynanjymyzyň we barlygymyzyň zerurlygy” diýendigi beýan edilýär. Gazet kampaniýanyň çäginde şeýle hem web saýtynyň döredilendigini, arakanly musulmanlara kömek bermek isleýän adamlaryň www.arakanasahipcik.org atly saýtyň üsti bilen hasap nomerleri görüp biljekdiklerini ýazýar.

Hürriýet gazedi: “Bir iňlisiň gözünden Sinop” söz başyly habarynda, BBC habarlar gullugynyň işgärleriniň biri bolan Joşua Alleniň Türkiýäniň iň asuda şäherini görmek isläp ýola çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Alleniň Sinopy Türkiýäniň iň bagtly şäheri adyna eýe bolan sebäpleri öwrenmek üçin gelendigini belleýär. Habarda Alleniň grek pelsepeçi Diogeniň Sinopda dogulandygyny, adamlaryň ellerinde bar bolan zatlar bilen bagtly bolmagyny ündändigini we Sinopyň hem şol aýdylana gulak asýandygyny aýdandygy habar berilýär. Gazet Alleniň esasan hem Sinopyň tebigy gözlliklerine haýran galandygyny aýdýar. Gazet kiçiräk şäher bolan Sinopda her kimiň biri-birini tanaýandygyny we adamlaryň arasynda ikitaraplaýyn hoşniýetliligiň bardygyny, şol sebäpli asuda atmosferanyň bardygyny aýdan iňlis ýazyjynyň adamlaryň biri-birine kömek berýändigini aýdandygyna ünsi çekýär.

Sabah gazedi: “Dubaý peselýär Türkiýe özgerýär” söz başyly habarynda, Şu ýyl Dubaýda 16-njy gezek geçirilýän Cityscape Global 2017 fuarynda firmalara ilkinji gezek fuaryň çäginde satuwlara rugsat berilendigini we emma satuwlaryň diňe Dubaýda iş alyp bärýan karhanalara rugsat berilendigini mälim edýär. Gazet fuarda beýän edilen hasabatyň BAE-niň gozgalmaýan emläk pudagyndaky ýagdaýyny ýüze çykarandygyny nygtaýar. Habarda hasabata görä BAE-de gurluşygy dowam edýän we gymmady 227,9 milliard dollar bolan 7878 gurluşyk taslamasynyň bardygy beýan edilýär. Gazet Dubaýdaky 2812 taslamanyň gymmadynyň bolsa 121,1 milliard dollardygyna ünsi çekýär. Taslamalara bolan talabyň azlygy sebäpli gozgalmaýan emläk pudagyndaky satuwlar hem az, bu ýagdaý bolsa ýurdyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär.

Watan gazedi: “Sarkofag ýasamasynyň ýerine goýular” söz başyly habarynda, gadymy Perge şäherinde bikanun ýagdaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylyp, takmynan 50 ýyl ozal daşary ýurda alynyp gidilen Gerakl serkofagynyň Şweýsariýadan Türkiýä 13-nji sentýabrda getiriljekdigini mälim edýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministligi tarapyndan berilen beýanata görä Antalýanyň Aksu etrabyndaky gadymy Perge şäherinde geçirilen bikanun gazuw-agtaryş işlerinde tapylan we daşary ýurda äkidilen Gerakl sakofagy ministrligiň resmileri tarapyndan Ženewada kabul edildi.takmynan 50 ýyl soň degişli bolan ýurdyna getiriljek Gerakl sarkofagy Türkiýä getirileninden soň Antalýa muzeýine gowşurylar we ol ýerde sergilenmäge başlar.



Degişli Habarlar