Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Dünýä güneş panellerini eksport ederis” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň 2018-nji ýylda ilkinji ýerli güneş paneliniň öndüriljekdigi we dünýä ýurtlaryna eksport ediljekdigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliligiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe uly topar bilen Astana sergisine gatnaşdy” söz başyly habarynda Gazagystanyň Exspo sergisine gatnaşmak üçin Astana giden türk wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň “21-nji asyr türk-gazak ýyly bolar. Geliň aramyzdaky ähli päsgelçilikleri ortadan aýyralyň” diýendigini ýazýar.

Eksponyň çäginde geçirlen türk gününe bagyşlanan çärä gatnaşmak üçin Astana giden türk resmi wekiliýetinde Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary, işewür adamlary, Diriliş Ertugtul serialynyň aktýorlary, aýdymçy Buraý we Anadoly Ateşi atly tans toparynyň tansçylary ýer aldy.

“Star” gazeti “Ergene derýasyny ýerli enjamy arassalar” söz başyly habarynda Tokaý hojalygy we suw işleri ministri Weýsel Eroglynyň Ergene derýasynyň we töwerekleriniň palçygynyň milli tunel açma enjamy bilen arassalanjakdygy hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti “629 ýyllyk jaň Wana gelýär” söz başyly habarynda Eýranyň ýurdundaky muzeýlerden birinde sergilenýän 629 ýyllyk jaňy Wandaky Bibi Merýem buthanasyna yzyna berjekdigini mälim edýär.

1377-nji ýylyň 7-nji iýulynda Wandaky Keramatly Bibi Mermem buthanasyna berlen jaň, söweş ýyllarynda Eýrana alnyp gidilipdir we häzir Urmiýe muzeýinde sergilenýär.

Eýranyň medeni miras, el hünärleri we syýahatçylyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Mirhadi Kareseýýed Romani “Eýrandaky ähli taryhy ýadigärlikleriň we eserleriň degişli ýurtlaryna yzyna berilmegi syýasatyny alyp barmaga başladyk” diýdi.

“Watan” gazeti “Guliýew dünýä çempiony  boldy” söz başyly habarynda asly Azerbaýjanly milli atletikaçy Ramil Guliýewiň Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilýän 16-njy Bütin dünýä atletika çempionadynda erkekleriň arasynda 200 metre ylgamakda altyn medal alyp dünýä çempiony bolandygyny buşlaýar.

Fenerbahçe komandasynyň türgeni Ramil Guliýew erkekleriň arasynda 200 metre ylgamakda 20.09-lyk derejesi bilen Türkiýä ilkinji altyn medaly gazandyrdy .

Şeýlelikde Ýasmani Kopello Eskobaryň hem kümüş medal almag bilen Türkiýe taryhynda ilkinji gezek erkekleriň arasynda dünýä çempionadynda 2 medal aldy.



Degişli Habarlar