Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

777054
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň Saud Arabystanyny, Kuweýdi we Katary öz içine alýan saparyndan soň möhüm beýanat berendigini ýazýar.

Prezident Erdogan “Durnuklylygyň we iki taraply ynamyň ýaňadandan üpjün edilmegi üçin aýgytly ädim ätdik. Ynjyk döwürde guralan sapar netijeli geçdi. Yslam dünýäsi bilen birlikde hereket etmeli we jebisleşmeli, bölünşiklere we howplara asla rugsat bermeli däldiris. Mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Aksa metjidi gözümiziň nurydyr” söz başyly habarynda Prezident Erdoganyň Pars aýlag ýurtlaryna guran saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp gelendigini mälim edýär.

Prezident Erdogan sapary hakynda beren beýanatynda Ysraýylyň Aksa metjidinde adam hukuklaryny basgylamagyna garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan “Ybadat etmäge gelen musulmanlara terrorçy ýaly çemeleşilmegi kabul edilip bilinmez. Ysraýylyň hukugy äsgermeýän bu tutumy diňe özüne däl eýsem tutuş sebite zeper ýetirýär. Aska metjidi ähli musulmanlaryň gözüniň nurydyr. Mukaddes ýerlerimiziň kemsidilmegini asla kabul etmeris” diýdi.

“Sabah” gazeti “Wise-premýerleriň wezipeleri belli boldy” söz başyly habarynda täze Ministerler kabinetiniň Çankaýa köşgünde düýn Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek jemlenşendigini ýazýar.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde Wise-premýerleriň wezipeleriniň belli boldy. Wise-premýer Bekir Bozdag hökümetiň metbugat geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirer.

Wise-premýer Bekir Bozdag Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda Ysraýylyň Aksa metjisinde adam hukuklaryny basgylamagyna garşylyk görkezdi.

Wise-premýer Bozdag “Ysraýylyň Aksa metjidiniň mukaddesligine we taryhy statusyna sarpa goýmak we goramak jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine, ybadat etmek isleýän musulmanlara goýan çäklendirmelerini bes etmegine garaşýarys”diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti Türkiýaniň gün energiýasyndan soň ýel energiýasy taýdan hem uly ösüş edendigini mälim edýär.

Energetika we tebigy serişdeler ministrligi 1.000 megawatlyk ýel energiýasy desgasynyň gurulmagy üçin işe girişirdi, daşary ýurtly maýadarlar Türkiýede guruljak täze ýel energiýasy desgasy bilen ýakyndan gyzyklanýar.



Degişli Habarlar