Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “15-nji iýulyň millionlarça gahrymany bar” söz başyly habarynda 15-nji iýul Şehitler ýadigärliginiň açylyş dabarasynda söz sözlän Prezident R. T. Erdogan “Dessanlaryň ýekeje gahrymany bolar, emma 15-nji iýulyň bolsa millionlarça gahrymany bar” diýen sözlerine ýer berýär.

“Demokratiýa we milli jebislik güni” hökmünde uglan edilen 15-nji iýuly “unutma, unutdyrma” sözüni ýerine ýetirmekde tutanýerlidiklerini nygtan Erdogan “Biz Çanakkalany, Milli Azat edijilik söweşini ýatdan çykarmaýan, her pursatda ýatlaýan bolsak, 15-nji iýuly hem öwrülşik nokady hökmünde görýäris” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe dessany gutlaýar” söz başyly habarynda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň yzyna serpikdirilmeginiň birinji ýylynda Stambulda we Ankarada geçirlen hatyralama çäreleri hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň beýan tapdy.

Habarlarda çärelere uly halk köpçüliginiň gatnaşandygyna üns çekildi we Prezident Erdoganyň sözlerine ýer berildi.

Nemes “Bild” gazeti hatyralama çäreler hakyndaky habaryny “Stambulda uly ýöriş” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetiripdir.

Norwegiýada çap edilýän köp tiražly “Aftenposten” gazedi bolsa “Müňlerçe adam türk baýdaklary bilen köçä çykdy” diýip ýazýar.

Fransuz “Le Monde” gazedi bolsa mesele hakyndaky habaryny “Netijesiz agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýe dessanyny gutlaýar” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan aktrisa Liw Tyler Türkiýede” söz başyly habarynda Amerikaly meşhur aktrisa Liw Tyleriň UNESKO-niň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan gadymy Efes şäherini görmek üçin çagalary bilen birlikde İzmiriň Selçuk etrabyna gelendigini ýazýar.

Aktrisa Liw Tileriň  Efes şäherindäki gezelenji 5 sagat dowam etdi we aktrisa gadymy şäherde ýadigärlik surat aldyrdy.

“Watan” gazeti “ Iň gowy 10 aşpeziň hatarynda bir türk” söz başyly habarynda Mardinli aşpez Ebru Demiriň dünýäniň iň uly Aşhana medeniýeti bäsleşigine gatnaşandygyny we dünýäniň iň gowy 10 aşpezden biri bolandygyny ýazýar.

Aşpez Ebru Demir bäsleşikde gazanan 100 müň ýewrolylyk pul baýragyny sosýal jogapkärçilik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin sarp eder.


Etiketkalar: Watan , gazet , dessan , Erdogan , gahryman

Degişli Habarlar