Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

767689
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan Pars aýlagy ýurtlaryna sapar gurar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Gamburgdaky G-20 maslahatyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berýärkä, Katar krizisiniň üstünde hem duryp geçendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda ikisiniň hem krizisi diýalog arkaly çözmegiň tarapdarydygyny aýdandygyny belleýär. Habarda 15-nji iýuldan soň Pars aýlagy ýurtlaryna ýaňadandan sapar guramak isleýändigini aýdan Erdoganyň: “Sebite gurajak saparymyz bilen diýalogyň artmagyna belkem goşant goşup bileris. Esasan hem Katara, Saud Arabystanyna we Kuweýde sapar guramagy meýilleşdirýäris” diýendigi beýan edilýär.

Hürriýet gazedi: “Türk halky ýurduny gorady” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň Stambulda geçirilen XXII Bütindünýä Nebit kongresine gatnaşandygyny habar berýär. Gazet 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde duryp geçen Reks Tillersonyň: “Takmynan 1 ýyl ozal türk halky, edermen erkekler we zenanlar huntaçylara garşy durdy we öz demokratiýalaryna eýe çykdy. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda ýogalanlaryň edermenliklerini we batyrgaýlyklaryny takdyr edýärin. Türk halky konstitutsiýadaky hukuklaryny ulanyp, öz ýurtlaryny gorady” diýendigini nygtaýar.

Haber türk gazedi: “Dessanyň birinji ýylynda demokratiýa nobaty” söz başyly habarynda, 15-nji iýulda şehit bolan adamlaryň dogalar bilen hatyralanjakdygyny we olaryň ýadygärlikleriniň açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet meýdançalarda hatyralama çäreleriniň, milli jebislik ýörişiniň we demokratiýa nobatlarynyň tutuljakdygyny belleýär. Habarda Prezident Erdoganyň çäreleriň aglabasyna hut özüniň gatnaşjakdygy ýazylýar.

Sabah gazedi: “Türkiýe energetikada esasy oýunçy we sebitleýin aktýor” söz başyly habarynda, XXII Bütindünýä Nebit kongresiniň açylyşynda çykyş eden Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň: “Türkiýe sebitleýin energetika taslamalary üçin esasy oýunçy we howpsyz bir hyzmatdaş hökmünde iň esasy aktýorlaryň biri. Parahatçylyga we asudalyga goldaw berdigi saýyn maýa goýumlara goldaw bermegimizi dowam etdireris. Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçiriji turba we TANAP onuň iň möhüm mysallaryndandyr. Türk Akymy hem bu taslamalaryň biri hökmünde kabul edilip biliner” diýendigini habar berýär.

Ýenişafak gazedi: “Afrodisias Bütindünýä miras sanawyna alyndy” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Karajasu etrabyndaky gadymy Grek we Rim döwürlerine degişli şäherleriň biri bolan Afrodisiasyň UNESCO-nyň Bütindünýä miras sanawyna alynandygyny mälim edýär. Gazet Polşanyň Krakow şäherinde geçirilen UNESCO-nyň 41-nji Bütindünýä miras maslahatynda Afrodisiasyň arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýeriniň UNESCO-nyň Bütindünýä miras sanawyna alynmagy barada karar kabul edilendigini nygtaýar. Gazet taryhda şäheriň iň wajyp taňrysy bolan Afrodita ybadathanasy bilen meşhur bolan Afrodisias şäheriniň B.e. öň II we B.e. 6 asyrlarynda özüniň ösen döwürleri bolupdyr. Gadymy Afrodisias şäheriniň UNESCO-nyň Bütindünýä miras sanawyna alynmagy bilen Türkiýeden sanawa alynan ýerleriň sany 17-ä çykdy.


Etiketkalar: #Star , #maslahat , #Erdogan , #sapar , #Putin , #Tramp

Degişli Habarlar