Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Türkiýe Pariž Air şouda” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly awiasia we kosmos sergisi Pariž Air fuaryň ertir Le Bourget howa menzilinde başlajakdygyny mälim edýär. Gazet awiasia senagatyndaky döwrebap harytlaryň sergilenjek sergä şu ýyl Türk awiasia senagatynyň hem gatnaşjakdygyny belleýär. Habarda Türkiýäniň oýlap tapan howa ulaglaryny Pariž Air şouda sergilejekdigi ýazylýar. Gazet segide TAI tarapyndan oýlanyp tapylan Hürkuş tälim uçarynyň, T625 dik uçarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulagy ýagdaýyna öwrülen ANKA-S-iň sergilenjekdigini beýan edýär.

Habertürk gazedi: “ABŞ we Türkiýäniň arasynda F-35 ylalaşygy” söz başyly habarynda, aralarynda Türkiýe hem bolan 11 ýurdyň azyndan 440 sany F-35 uçaryny satyn almak üçin ylalaşyga gelendiklerini habar berýär. Gazet 37 milliard gymmadynda bolmagyna garaşylýan şertnamanyň rekortdygyny, 2006-njy ýyldan bäri öndürilip gelinýän harby uçaryň, döwrebap tehnologiýalar bilen enjemlaşdyrylan görnüşde ertir açyljak Pariž awiasia fuarynda sergilenjekdigini nygtaýar. Habarda geçen hepde F-35 uçarlaryny satyn almak isleýän 11 ýurdyň resmileriniň Amerikanyň Meriland ştatyndaky Baltimor şäherinde ýygnanyp, F-35 uçarlary üçin enjam öndürýän Northrop Grumman fabrikasyna baryp görendiklerini we şertleri ara alyp maslahatlaşandyklary üns çekilýär.  

Star gazedi: “Türk esgerler Kataryň goşuny bilen türgenleşik geçer” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Kataryň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Katara tarap ýola çykan türk esgerleriniň ol ýere barandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kataryň El Jezire habarlar gullugynyň türk esgerleriniň ýurda gelendiklerini we Kataryň goşuny bilen bilelikde harby türgenleşik geçirjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär.

Sabah gazedi: “Türk gämisi Gaza ýolunda” söz başyly habarynda, Ysraýyl tarapyndan gabaw astynda bolan Gaza 10600 tonnalyk ynsanperwer kömek gämisi Acqua Stellanyň düýn ýola çykandygyny habar berýär. Gazet ynsanperwer gäminiň Gaza azyk harytlar bilen birlikde, oýunjak, tigir we egin-eşik alyp barýandygyny beýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Daniýada yslamy güller bilen düşündirdiler” söz başyly habarynda, Daniýanyň yslam jemgyýetiniň ýaşlar goly paýtagt Kopengagende Men musulman çäresini geçirendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetrýär. Habarda mediada berilýän yslama we musulmanlara garşy ýaramaz habarlary aýyrmaga synanyşan ýaşlaryň gül paýlap daniýalylara yslamy we musulmanlary düşündirendikleri ýazylýar.


Etiketkalar: yslam , Daniýa , Katar , Amerika , F-35 , TAI , Pariž

Degişli Habarlar