Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.10.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

394589
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.10.2015

“Haber Türk” gazeti: “Durmuşa geçirilen iň uly taslama” söz başyly habarynda, çykdajysy 32,4 milliard ýewro bolan Stambulyň 3-nji howa menziliniň gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Prezident R.T. Erdoganyň: “Hany iň uly taslamalar diýýärdigä, ine şolaryň arasynda durmuşa geçirilen iň wajyby häzirki wagtda şudyr” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Stambulda gurulýan 3-nji howa menziliniň 4,5 milliard ýewrolyk kredit ylalaşygyna gol çekilendigini, 3-si döwlet 3-si hususy jemi 6 bank tarapyndan maliýeleşdirilendigini nygtaýar. Habarda çykdajysynyň jemi 32 millird 399 million ýewro boljak Stambulyň täze howa menzili taslamasynyň ilkinji etabynyň 2018-nji ýylyň ilkinji çärýeginde tamamlanajakdygy bellenýär.

“Star” gazeti: “Ýyldyz köşgüniň üsti bilen Russiýa ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeli Soltan II Abdülhamidiň Wilhelmi 1898-nji ýylda kabul eden Ýyldyz köşgünde garşylamagynyň Russiýa berilen ýüzlenmedigini mälim edýär. Gazet taryhçy Prof. Dr. Ebubekir Sofuoglynyň: “Bu Erdoganyň inçe pikir edişiniň alamatydyr” diýendigine, Metbugat geňeşçi Seibertiň: “Duşuşyk ýerini öýüň eýesi kesgitlär” diýendigine, Germaniýanyň Süddeutsche Zeitung habarlar gullygynyň bolsa: “Merkel Türkiýä pul we wiza babatynda söz berdi” diýip ýazandygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Sibel Şweýsariýanyň ilkinji türk deputaty” söz başyly habarynda, Şwesariýanyň taryhynda ilkinji gezek asly türk bolan bir zenanyň mejlisiň deputaty bolandygyny habar berýär. Gazet beýleki dalaşgärleriň saýlaw zamanynda millionlarça franklyk reklam berendigini, Sibiliň bolsa hiç hili reklama bermändigini diňe az býujet bilen meýletin adamlara bilen kompaniýa alyp barandygyny habar berýär. Habarda 1991-nji ýyldan bäri Şweýsariýada ýaşaýan Sibel Arslanyň iňlis, farnsuz we ispan dillerinde bilim alandygyny belleýär.

“Sabah” gazeti: “Iň uly batan muzeýiň açylmagy üçin rugsat” söz başyly habarynda, Stambulyň taryhynyň iň wajyp tapyndylarynyň biri bolan Ýenikapydaky tapyndylarynyň sergilenmegi üçin dörediljek muzeýiň açylmagy üçin rugsat berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda gazuw-agtaryş işlerinde irki Wizantiýa döwrüniň iň köne porty bolan Theodosius portynyň ýüze çykarylandygyny, 36 batan gaýygyň we 45 müňe golaý eseriň tapylanadygyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti: “Pamuk Londonda sanawyň başynda” söz başyly habarynda bolsa, Orhan Pamukyň Ýapy Kredi metbugat öýüniň 2014-nji ýylda çap eden “Kellämde bir üýtgeşiklik” romanynyň Londonda iň köp satylan kitaplaryň sanawynda iň başynda gelýändigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar