Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.09.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

352916
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.09.2015


“Hürriýet” gazeti 13 million ýolagçynyň baýram dynç alyşy üçin ýollara rowana bolandygyny ýazýar.
Gazet 9 günlük baýram dynç alyşyndan peýdalanmak isleýänleriň dynç alyşa çykandygyny we 27-nji sentýabra dolanjakdyklaryny nygtaýar.
Gazet 7,5 million adamyň awtobuslar bilen, 3 million adamyň deňiz ýoly bilen 2,5 million adamyň bolsa howa ýoly arkaly syýahada çykandygyny belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Günbatar Frakiýada rekord goýuldy” söz başyly habarynda Gresiýada geçirlen irki saýlawda uly rekordyň goýlandygyny we Günbatar Frakiýadaky türkleriň 69 ýyl soň ilkinji gezek 4 türk halk deputaty bilen Gresiýanyň parlamentinde wekilçilik etmäge hukuk gazanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet geçirlen saýlawda Gümüljineden Syriza partiýasyndan Mustafa Mustafa bilen Aýrah Karaýusufyň, Potami partiýasyndan İlham Ahmetiň, İskeçeden Hüseýin Zeýbegiň Gresiýanyň parlamentinde türk azlygyna wekilçilik etjekdigini nygtaýar.

“Star” gazeti “Uzak Gündogarly 4 ýurt Afşinde 12 milliard dollarlyk ýaryşa girdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň iň uly kömür känlerinden biri bolan Afşin-Elbistan üçin bäsleşigiň depgininiň güýçlenendigini ýazýar.
Gazet Birleşen Arap Emirlinden TAQA firmasynyň çekilmeginden soň 3 ýurduň kömür känine maýa goýmak barada karar kabul edendigini belleýär.
Gazet Günorta Koreýaly iki firmanyň Afşin-Elbistan kömür oazisi we desgasy üçin gepleşik geçirýändigini we garaşylmadyk ýagdaýda ýene-de iki firmanyň ýüz tutandygyny nygtaýar.
Gazet edinilen maglumata görä, gysga wagt mundan ozal Hytaýly we Ýaponiýaly Mitusi firmasynyň 12 milliard dollarlyk maýa goýum üçin ýüz tutandygyny ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Ýozgatly kiçi ýyldyz Oskara gitmek üçin taýarlanýar” söz başyly habarynda Ýozgatyň Ýerköý etrabynda ýaşaýan İzji maşgalasynyň 6 çagasyndan bäşinjisi bolan Dogan İzjiniň kino režisýor Kaan Mujdejiniň “Siwas” filmindäki roly bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekendigini habar berýär.
Gazet filmiň Amerikada geçiriljek 88-nji Akademiýa baýraklaryna ýagny Oskara “İň dowy daşary ýurtly film” kategoriýasynda Türkiýe tarapyndan dalaşgärlige hödürlenendigini nygtaýar.
Gazet sada maşgalasy bilen Ýozgatyň Ýerköý etrabynda ýaşaýan Dogan İzjiniň 13-nji oktýabrda kakasy Nedim İzji bilen birlikde Oskaryň baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitmäge taýarlanýandygyny ýatladýar.

“Watan” gazeti “800 ýyllyk kedr agaçlary halas edildi” söz başyly habarynda Antalýanyň deňiz taýsyz gözellige eýe bolan Hisançandyrda açylan mermer ojagy sebäpli 800 ýyllyk kedr agaçlarynyň kesilmegi baradaky kararyň tebigaty söýüjleriň we sebitiň ýaşaýjylarynyň eden tagallasy sebäpli ýatyrlandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar