Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

339319
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.08.2015

“Sabah” gazeti: “Siriýaly çagalar gyşda üşemez” söz başyly habarynda, “Birleşen Markalar jemgyýetiniň” başladan “Türkiýäniň markalary bosgunlaryň çagalaryny geýdirýär” taslamasyna goldawyň gysga wagtyň içinde artandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň ähli künjeginden gelýän goldawlaryň saýasynda 1 million 100 çaganyň egin-eşik, aýakgap, sumka ýaly zerurlyklar bilen üpjün ediljekdigini mälim edýär. Habarda häzirki wagta çenli ýygnanan goldawlaryň gymmatlygy 220 million lira ýetendigi bellenýär.

“Watan” gazeti: “Tapawut şu: Türkiýeden rehim-şepagat, Ýewropadan şapbat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň soňky 3 ýylda 2 million siriýala öz gapysyny çanadyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň gelenleriň hiç haýsyny yzyna gaýtarmandygyny, 25 çadyr şäherçe gurandygyny, 6 milliard dollar sarp edendiginim çöregini we suwuny paýlaşandygyny nygtaýar. Gazet Ýewropanyň bolsa ýüzüni öwürendigine, ýurdundaky söweşden gaçyp gelen bosgunlary taýak bilen kowandygyna we bosgunlaryň gözüňi ýaşardýan gaz we örülen sim bilen duzdurandygyna ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Muny hem ýaz BBC” söz başyly habarynda, terrorçylaryň diňe adamlaryň janyna we maddy zatlaryna däl, eýsem gyz-gelinleriň namysyna hem degýändigini belleýär. Gazet PKK-ly terrorçylaryň gorkuzyp gyzlary we gelinleri daga alyp gaçyp zorlaýandygyny, munyň bolsa medianyň görmediksirän bolýandygyny ýazýar. Habarda Agry welaýatynyň gubernatory Musa Yşynyň: “40-a golaý ýaş gyz PKK-ly terrorçylar tarapyndan alynyp gaçylyp zorlandy we terrorçylar gyzlara mundan soň maşgalalaryňyzyň ýanyna baryp bilmersiňiz diýip dagda saklaýandyklaryny aýdandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Golliwudyň aýakgap ussasyndan haja gitjeklere sandal” söz başyly habarynda, Golliwud filmleriniň aýkgap ussasy diýip bilinýän türk aýakgap ussasy Hüseýin Kopara kärhanalaryň biriniň mukaddes topraklara gitjek hajy dalaşgärleri üçin suwa we çölüň yssysyna çydamly sandal ýasamagyny sargyt berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Koparyň häzirki wagta çenli tanymal “Beýik Isgender”, “Zabt ediş 1453”, “Garri Poter”, “Ýüzükleriň eýesi”, “Aregon” we “Awatar” ýaly fimler üçin aýakgap ýasap berendigini mälim edýär. Habarda türk aýakgap ussasynyň filmleriň kömegi bilen Osmanly türkmen döwleti döwründe geýilen sandaly tanadýandygy bellenýär.

“Haber Türk” gazeti: “Türk firmalary dünýä açylýar” söz başyly habarynda, Britaniýadaky ilkinji dükanyny fewral aýynda Oksford köçesinde açan Türkiýäniň meşhur “Simit Saraýy” kärhanasynyň 3-nji dükanyny “Pikadilli” meýdançasynda açylandygyny habar berýär. Gazet “Simit Saraýy” kärhanasynyň Britaniýadaky dükanlarynyň sanyny şu ýylyň ahryna çenli 7-ä ýetirmegi meýilleşdirýandigini ýazýar. Habarda 334 dükany bolan mebel kärhanasy “Istikbalyň” bolsa Kosowada Gižlan we Ferizažda 2 sany dükan açandygy nygtalýar. Gazet kärhananyň maksadynyň 2016-njy ýylyň ahyryna çenli Ýewropadaky dükanlarynyň sanyny 100-e ýetirmekdigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar