Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.05.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

260881
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.05.2015

"Milliýet" gazeti: “Gümrük Bileleşigi täzelenýär” söz başyly habarynda, ÝB bilen 1995-nji ýylda gol çekişilen "Gümrük Bileleşigi" ylalaşygynyň täzelenjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ylalaşygyň 11-nji maýda Brýusselde boljak duşuşykda täzelenjekdigi bellenýär. Gazet ylalaşyga görä Türkiýäniň hem karar berip biljekdigini, Türkiýäniň ÝB-niň beýleki ýurtlar bilen geçirjek söwda ylalaşyklarynyň gol çekişligine gatnaşyp biljekdigini habar berýär.

"Star" gazeti: “Türk Howa ýollary Ýaponiýanyň Basketbol ligasynyň hemaýatkäri bolar” söz başyly habarynda, Türk Howa ýollarynyň Türkiýäni bütin dünýä tanatmaga dowam etdirýändigini mälim edýär. Gazet Uzak Gündogardan Ýewropa çenli aralykdaky ýurtlaryň ençeme guramasynyň hemaýatkäri bolan THY-nyň häzirki wagtda 36 ylalaşygynyň bardygyny, tanymal iýmek-içmek-gezelenç-güymenje portaly "Ze Daily Miliň" geçiren sowalnamasyna görä “Iň gowy hödür-keremiň THÝ-da” edilýändigini nygtaýar.

"Haber Türk" gazeti: “Türkler krizis dolanşygynda örän ökde” söz başyly habarynda, Alarko Holdinginiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň agzasy Leýla Alatonyň türkleriň iş dünýäsindäki artykmaçlyklaryny sanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Alatonyň: “Türkleriň örän uly artykmaçlygy bar. Olar işeňňir we krizis dolanşygynda ökde. Aljyranoklar. Indi daşary ýurt komaniýalary hem türk dolandyrjylary saýlaýarlar. Türkler örän başarnykly we B planyna çalt geçip bilýärler” diýendigini habar berýär.

"Ýeni Şafak" gazeti: “Syýahatçylyk pudagy barha ösýär” söz başyly habarynda, Bütin dünýä bankynyň berýän hasabatyna görä, 2002-nji ýylda Türkiýä dynç almaga gelen syýahatçy sany 12,8 million bolan bolsa, 2013-nji ýylda syýahatçy sany 37,8 milliona ýetendigini mälim edýär. Gazet 2002-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçy girişi sanawynda 15-nji orunda bolan bolsa, 2013-nji ýylda 6-njy oruna çykandygyna ünsi çekýär. Habarda 2014-nji ýylda Türkiýä gelýän syýahatçy sanynyň 41,4 milliona ýetendigi ýazylýar.

"Sabah" gazeti: “Federer: Stambula ýene-de gelerin diýdi” söz başyly habarynda, "TEB BNP Paribas Stambul Open" tenis bäsleşiginiň final oýunynda Pabio Kuewasy 2-0 hasaby bilen ýeňip çempion bolan Rožer Federer baýrak gowşurylyş dabarasynda duýguly pursatlary başyndan geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Federeriň: “Stambulda bäsleşige gatnaşandygyma örän şat. Bu ýerde meni gowy garşyladylar. Stambula ýene-de gelerin” diýendigi bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar