Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.03.2015

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

256737
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.03.2015

“Star gazeti:”TANAP taslamasynyň düýbi 17-nji martda tutular” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Tane Ýyldyzyň Türkiýäniň 21 şäherinden geçjek we 5 müň adama iş mümkinçiligini döretjek Trans Anadoly Tebigy Gaz turba geçiriji taslamasynyň düýbiniň tutulma dabarasy Karsda Prezidentleriň gatnaşmagynda bolar diýip” mälim edendigini ýazýar. Habarda “Ýyldyz taslamada ulanyljak turbalaryň ýerli önümler boljakdygyny, TANAP taslamasynda ulanyljak turbalaryň önümçiliginiň Ýewropada birinji, dünýäde bolsa bäşinji ýerde boljakdygyny aytdy” diýilýär. Gazet Ýyldyzyň terrorçylygyň bes edilmegi üçin alynyp barylýan çözgüt etaby syýasatyň netijesinde günorta-gündogar Anadoly sebitinde 8 sany nebit ýataklaryň täzeden işläp başlajakdygyny habar berendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak gazeti” “Merkezi banka 8 maddalyk ýörelge” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Wise-premýer Ali Babajanyň ýolbaşçylygynda ykdysady ugra ýolbaşçylyk edýäň adamlary ýygnap soňky günleriň esasy wakalary bolan: Merkezi bankyň prosent stawkasy we dollaryň hümmetiniň artmagy ýaly meselelere garandygyny mälim edýär. Gazet duşuşykda alynan kararlaryň ikisiniň ünsleri çekýändigini: “1. Merkezı bank prosent stawkasy meselesinde seresap bolmaly. ABŞ-nyň Merkezi banky FED-iň 18-nji martda kabul etjek kararlaryna garaşmaly. 2. Dolarda bolýan turbulentligiň öňi alynmaly. Dollaryň hümmediniň aşaklamagy üçin pul syýasatyny durmuşa geçirmeli” diýip ýazýar.
“Hürriýet gazeti” “Gül: men dalaşgär däl” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 11-nji Prezidenti Abdullah Gülüň ýakyn adamlaryna 7-nji iýundaky saýlawlarda deputatlyga dalaşgär bolmajakdygyny aýdadygyny ýazýar. Gazet Gülüň milli we halkara platformalarda gerek bolan ýagdaýynda duşuşyklar geçirýän, öz pikirini aýdýan, ýygnaklar geçirýän döwlet adamsy hökmünde syýasata goşulyşman öz işini dowam etdirjekdigini habar berendigini ýazýar. Gazet Gülüň esasan hem Günorta-gündogar we ÝB bilen gatnaşyklar meselelerine işjeň gatnaşmagyna we saparalarda bolmagyna garaşylýandygyny nygtaýar.
“Sabah gezeti” ”Erdogan Twitterde iň köp abunaçysy bolan liderleriň biri” söz başyly habarynda, Twitterde ABŞ-yň Prezidenti Barak Obamanyň 55 million 844 müň abunaçysy bilen sanawda 1-nji ýerdedigini, 10 million 482 müň abunaçysy bilen Hindistanyň Premýer ministri Marendra Modiniň 2-nji ýerdedigini, 5 million 969 müň abunaçysy bilen R.T. Erdoganyň 3-nji ýerdedigini, Rim papasynyň bolsa Erdogandan soň 4-nji ýerdedigini nygtaýar. “Ýewropaly liderleriň Twitterlerindäki abunaçylarynyň sany azalýar” diýip gazet ýazýar.
“Haber türk” gazeti “10 müň Ýewropaly YSYS-a goşulyp biler” söz başyly habarynda “Fransiýa öňüni almak üçin çäre görsede jihadçy fransuz ýaşlarynyň YSYS-a goşulmagynyň öňüni alyp bilenok” diýip aýdylýar. Gazet Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Wallsyň YSYS-yň tarapyna geçýän ýewropalylaryň sanynyň barha artýandygyny we öňümizdäki ýylyň soňuna çenli 10 müňe ýetjekdigini nygtaýar. Gazet günbataryň howpsyzlyk gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä terror guramasyna Ýewropa ýurtlaryndan iň köp adamyň Fransiýadan we Belgiýadan goşulyşýandygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar