Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.03.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

247585
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.03.2015

“Star” gazeti “Aziýada üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dünýä ýurtlaryny ýakyndan gyzyklandyrýandygyny ýazýar.

Gazet Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýede resmi saparda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident köşgünde kabul edendigini habar berýär.
Gazet saparyň çäginde türkmen gazynyň Hazar deňzinden Ýewropa akdyrylmagy meselesiniň hem gün tertibine getirlendigini belleýär.
Gazet Prezident Erdogan bilen Türkmen lideri Berdimuhamedowyň özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berendigini nygtaýar.
Gazet Prezident Erdoganyň Türkmenistan bilen edilýän ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.
Gazet Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedowyň hem Çanakkale söweşelriniň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin aprel aýynda ýaňadandan Türkiýä geljekdigini aýdandygyny belleýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Metjit üçin Portugaliýa minnetdarlyk” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ÝB-däki aşa tutumlara we daşary ýurt duşmançylygyna garşy Türkiýe bilen Portugaliýanyň birlikde hereket etjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Portugaliýada saparda bolan Dawutoglynyň paýtagt Lissabonda gurluşygy dowam edýän metjit sebäpli Portugaliýanyň hökümetine we halkyna öz minnetdarlygyny bildirendigini ýatladýar.
“Sabah” gazeti “Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň Putin bilen baglaşan şertnamasy täze jedelleşige sebäp boldy” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Kipriň grek bölegindäki baş ilçisi Koenigiň Twitter arkaly beren beýanatynda grek lideriniň Russiýa guran sapary bilen rus oppozisioner Boris Nemtsowyň janyna kast edilmeginiň arasynda arabaglaşygyň bardygyny öňe sürendigine ünsi çekýär.
Gazet ilçiniň öňe süren garaýşy sebäpli Kipriň grek böleginiň ABŞ-dan baş ilçisini yzyna çagyrmagyny isländigini belleýär.
“Haber Türk” gazeti “Ýewropa çaga şarpygyny jedelleşýär” söz başyly habarynda Britaniýada iş alyp barýan çagalara ynsanperwer kömegini berýän guramanyň Fransiýada çagalara zulum edilýändigi barada Ýewropa Geňeşine ýüz tutandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar