Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

237071
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.02.2015

“Star” gazeti “Musulmanlar köçä çykýar” söz başyly habarynda Ýewropada musulmanlar baradaky oňaýsyz garaýyşlaryň ortadan aýrylmagy, yslam dini we musulmanlar baradaky maglumatlary günbabatly jemgyýetler bilen paýlaşmak üçin yslam jemgyýetleriniň köçä çykjakdygyny ýazýar.

Gazet 28-nji fewalda Germaniýa, Gollandiýa, Fransiýada, Awstriýa we Daniýa ýaly birnäçe Ýewropa ýurdunda geçiriljek çärelere gatnaşanlaryň her birine bägüliň sowgat ediljekdigini nygtaýar.
Gazet çäreleriň gorkynyň we ikirjiňlenmäniň ortadan aýrylmagyny maksat edinýändigini belleýär.


“Haber Türk” gazeti “Prasent stawkalaryň aşakladylmagy oňyn waka emma ýeterlik derejede däl” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Merkezi bankyň prasent stawkalaryny çäkli mukdarda aşaklatmagy barada garaýyş beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Premýer ministr Dawutoglynyň “prasent stawkalaryň aşakladylmagy elbetde möhüm we bu Türkiýaniň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini görkezýär”diýen sözlerine ýer berýär.
Gazet Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň “Türkiýäniň syýasatyndaky we ykdysadyýetindäki durnuklylyk sebäpli prasent stawkalaryň ýene-de aşakdylmagyna garaşýarys” diýen sözlerini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti Bütin dünýä bankynyň Türkiýe boýunça ýolbaşçysy Raiseriň “Soňky iki ýylda Türkiýäniň hususy pudak, bankçylyk, bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, tansport we ýaşaýyş jaý pudaklarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Taýland we Moritaniýa bilen birlikde 25-den gowrak ýurduň wekiliniň Türkiýä gelendigi” hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýäniň üç ýylda ösen ýurtlaryň hatarynda ýer aljakdygyny nygtan Raiseriň “Türk şäherleri dünýäde çalt depginde ösýan uly şäherleriň hatarynda ýer alýar” diýendigini ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Açyş eden ylmy işgärler höweslendirler” söz başyly habarynda Ýokary okuw jaýlary guramasynyň ylym we tehnalogiýa taýdan uly açyş eden alymlary höweslendirjekdigini ýazýar.
Gazet ylmy barlag geçirjek alymlar ýörite bujetden pulyň bölünip beriljekdigini, mesele baradaky karar taslamasynyň 6-njy martdan soň Ministrler kabinetine hödürlenjekdigini nygtaýar.


“Star” gazeti “Söwda etmekde türk erkekleri Ýewropa çempiony” söz başyly habarynda Kredit kartoçkasy firmasynyň 17 ýurtda geçirlen barlagynyň aýalyna we ejesine söwda etdirýän türk erkekleriniň üýtgändigini görkezýändigini ýazýar.
Gazet barlaga görä türk erkekleriniň söwda etmekde zenanlardan we Ýewropadaky jynsdaşlaryndan öňe geçendigini belleýär.
Gazet barlagyň zenanlaryň ýygy-ýygydan söwda edýändigine garamazdan has az pul sarp edýändigini, erkekleriň bolsa has köp pul sarp edýändigini ýüze çykarandygyny nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “UEFA Gökçek bilen Çakyra möhüm wezipe berdi” söz başyly habarynda türk emin agzalary Jüneýt Çakyr bilen Hüseýin Gökçegiň UEFA-nyň bäsleşiklerinde emin agza boljakdygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar