Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny 22.02.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

227569
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny 22.02.2015

“Haber Türk” gazeti “Süleýman Şanyň aramgähi üçin ýary gije operasiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýada terror guramasy YSYS-yň howpyna sezewar bolan Süleýman Şanyň aramgähi üçin ýary gije operasiýa geçirendigini, operasiýanyň maksadynyň Süleýman Şanyň we onuň ýanynda jaýlanan iki esgeriň jesedi bilen 40 adamdan ybarat ýörite harby topary getirmekden ybaratdygyny ýazýar. Gazet Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň operasiýa bilen ýakyndan gyzyklanandygyny, operasiýanyň taýarlyklarynyň gizlin alynyp barylandygyny mälim edýär. Habarda operasiýa sowutly harby birlikler bilen tanklaryň we ýörite pyýada goşun birlikleriniň gatnaşandygy nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýene Siriýada jaýlanar” söz başyly habarynda Kobaniden yza çekilen terror guramasy YSYS-yň 2 kilometr golaýyna barandygy sebäpli 9 sagat dowam eden operasiýanyň netijesinde göçürilen Süleýman Şanyň gubyrynyň Türkiýä getirilendigini, ozalam iki gezek başga ýere göçürilen Osman döwletini esaslandyryjy Osman Kazynyň atasy Süleýman Şanyň jesediniň ýene-de Siriýada ýörite ýerde taýarlanjak aramgähde jaýlanjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Ösüş etmek isleýän bolsak täze konstitutsiýanyň taýarlanmagy we prezident ulgamyna geçmek hökmany” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Häzirki dolanşyk ulgamy bilen duran ýerimizde durys. Öňe gidip bilemizok. Biziň ganymyzda prezidentlik, liderlik ulgamy bar. Ozalky prezidentlerem onuň gerekdigini beýan edipdi” diýen sözlerine ünsi çekýär. Gazet Erdoganyň Malatýa welaýatynda halka ýüzlenip eden çykyşynda terroryň ortadan aýrylmagy üçin durmuşa geçirilýän çözgüt etabyna ünsi çekendigini we “Howplara we şantažlara garamazdan etap dowam edýär” diýendigini nygtaýar.
“Star” gazeti “Günorta Koreýa bilen ykdysadyýetde doly hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň resmi duşuşyklar geçirmek we käbir ylalaşyklara gol çekişmek üçin 26-njy fewralda Günorta Koreýanyň paýtagty Seula gitjekdigini, saparyň dowamynda 2013-nji ýylyň 1-nji maýynda güýje giren Erkin söwda şertnamasynyň çägindäki hyzmat söwdasy ylalaşygyna we maýa goýum şertnamasyna gol çekişiljekdigini mälim edýär.
Şeýlelikde Türkiýäniň ilkinji çuňňur we giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasy bolan Türkiýe bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky Erkin söwda şertnamasy tamamlanar.
“Watan” gazeti “Aşa aladalylyk dişi jüýredýär” söz başyly habarynda, Selçuk adyndaky uniwersitetiniň agyz, diş we äň hirurgiýasy kafedrasynyň başlygy professor doktor Erjan Durmuşyň häzirki döwürde köp sanly hassalyga sebäp hökmünde görkezilýän aşa aladalylygyň dişiň jüýremegine we diş eti hassalyklaryna sebäp bolýandygyny anyklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar