Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

199979
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.01.2015

“Sabah” gazeti “Erdogan saýlawda üstünlik gazanan Çipras barada ilkinji gezek garaýyş beýan etdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Gresiýada geçirlen möhletinden irki umumy saýlawlaryň netijeleri barada garaýyş beýan edendigini ýazýar.

Gazet Prezident Erdoganyň “Döwletara gatnaşyklarda esasy zat yzygiderlilikdir. Biz häkimiýetiň başynda kim bolsa bolsun Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaki gatnaşyklaryň ösmegini we güýçlenmegini isleýäris. Şol sebäpli hem saýlawyň netijeleri düşümli bolsun” diýen sözlerine ýer berýär.


“Milliýet” gazeti “Syriza Türkiýä geň galdy” söz başyly habarynda Gresiýada geçirlen saýlawyň ýeňijisi Syriza partiýasynyň ýolbaşçylarynyň Türkiýede çepçi partiýalar we sosial media arkaly görkezilýän gyzyklanma geň galandygyny we gyzyklanma hoşallyk bildirýändigini nygtaýar.
Gazet “Olaryň ünsi Ýewropa gönügipdi, emma gündogaryndaky goňşysy ony geň galdyrdy. Türk halkynyň uly gyzyklanmasy, Syriza partiýasynyň 40 ýaşyndaky liderini tolgundyrdy.Çipras özüne berilýän ruhy goldawdan hoşal” diýip ýazýar.


“Akşam” gazeti “Täze turba geçirijisiniň nurbaty 2016-njy ýylda Türkiýede” söz başyly habarynda Rus energetika firmasy Gazpromyň başlygy Alekseý Milleriň Russiýadan Türkiýä 63 milliard kub metrlik gazyň akdyrylmagyny göz öňünde tutýan täze geçirijiden ilkinji gazyň 2016-njy ýylyň dekabr aýynda akdyryljakdygy hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet meýilnamanyň ÝB-niň rus gazyny Türkiýe serhedine çenli geljek täze turba geçiriji arkaly almagyny göz öňünde tutýandygyny belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti Türkiýäniň Hakkari şäheriniň gyşky syýahatçylyk merkezleri bilen ünsleri özüne çekmäge başlandygyny ýazýar.
Gazet şäheriň ýylyň ýarysyna çenli ak gara bürenen müňlerçe metr belentlikdäki daglary we ýaýlaglary bilen ünsleri özüne çekmäge başlandygyny ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Daýhan zenandan gysga metražly film” söz başyly habarynda Hataý welaýatynda daýhançylyk edýän başlangyç klas bilimi bolan 54 ýaşyndaky Hatije Peköziň Dörtýol etrabynda milli göreş üçin atylan “İlkinji gülläni” gürrüň berýän gysga metražly film ýazandygyny habar berýär.
Gazet Hatije Peközüň filmin surata düşürilmegi üçin Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine ýüz tutandygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar