Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.10.2014.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň sesleme döredýar

169243
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.10.2014.


“Hürriýet” gazeti “Ankara gije howa ýoly arkaly ugdarylmagyny isleýär” söz başyly habarynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň mejlisiniň 200 adamlyk ýaragly peşmerge toparynynyň Siriýanyň Kobani etrabyna ugradylmagy barada kabul eden kararyndan soň peşmergeleriň nähili ýagdaýda ugradyljakdygy meselesiniň gün tertibine getirlendigini ýazýar.
Gazet Türkiýäniň Milli howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylary bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda mesele bilen bagly gepleşik geçirilýändigini nygtaýar.
Gazetiň berýän habaryna görä, Türkiýäniň meýilnamasyna görä peşmergeler gije Erbilden howa ýoly arkaly Şanlyurfa getirler we ol ýerden hem gara ýoly arkaly Surujyň üsti bilen Siriýa geçer.


“Watan” gazeti “Türkiýe üçin gowy habar” söz başyly habarynda OEJD-niň çägine Maliýe jenaýatlaryna garşy göreş üçin döredilen toparyň başlygy Roger Wilkinsiň ýolbaşçylyk etmeginde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen maslahatda Türkiýe barada möhüm kararyň kabul edilendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet maslahatda Türkiýäniň ýakyndan gyzyklanylmaly ýurtlar etabyndan çykarylmagy barada kararyň kabul edilendigini nygtaýar.
Gazet maslahatyň 15-nji habarnamasynda Türkiýäniň maliýe jenaýatlaryna we terrorra maddy taýdan berilýän kömege garşy göreş meselesinde uly öňe gidişlik edendigine üns çekilendigini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti Türkiýäniň İş geňeşiniň baş müdüriniň orunbasary Jafer Uzunkaýanyň Türkiýede zenanlaryň işlemegi üçin uly tagalla edýändikleri hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Jafer Uzunkaýanyň “işleýän zenanlaryň sany 26 göterime golaýdy we şol sany 31 göterime çykaryldy, gysga wagtda işleýän zenanlaryň sanyny 35 göterime, 2023-nji ýylda hem 41 göterime ýetirmegi maksat edinýäris” diýendigini ýatladýar.


“Sabah” gazeti “3-nji köprüniň 322 metrlik aýaklary tamamlandy” söz başyly habarynda Aziýa bilen Ýewropany biri-biri bilen birleşdirjejk Ýawuz Soltan Selim köprüsiniň gurluşygynyň çalt depginde dowam edýändigini ýazýar.
Gazet köprüniň 322 metrlik aýaklarynyň tamamlandygyny nygtaýar.


“Haber Türk” gazeti “Trabzonsport we Beşiktaş üstünlik gazandy” söz başyly habarynda UEFA Ýewropa ligasynyň L toparyndan bäsleşýän Trabzonsport futbol komandasynyň Belgiýanyň Lokeren komandasyny 2-0, J toparynda bäsleşýän Beşiktaş futbol komandasynyň hem üçünjilik bäsleşiginde Serbiýanyň Partizan futbol komandasyny 4-0 hasabynda ýeňendini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar