Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

79920
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.06.2014

“Sabah” gazeti “Siriýa 40 ýyl yza gitdi” söz başyly habarynda BMG tarapyndan taýarlanan habarnamanyň 3 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň agyr netijelerini görkezýändigini ýazýar.
Gazet habarnamada Siriýanyň taryhy, sosial, ykdysady we medeni taýdan çökendigi we söweş sebäpli 143 milliard dollarlyk maddy ýitgi çekilendigine üns çekilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türk güni duşuşygy” söz başyly habarynda Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirlen Türk güni medeni çäresine müňlerçe adamyň gatnaşandygyny aýan edýär.
Gazet Londonyň simwollaryndan biri bolan Trafalgar meýdanyndaky çärä türk raýatlary bilen birlikde londonlylaryň we Londona gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň uly gyzyklanma görkezendigini ýatladýar.
Habarda medeni çärede mehter topary bilen türk halk tanslary toparynyň çykyş edendigi we türk aşhanasynyň tagamly naharlarynyň tanyşdyrlandygy bellenilýär.
“Haber Türk” gazeti “Eksportda rekord goýuldy” söz başyly habarynda üstümizdäki ýylyň maý aýynda Türkiýäniň eksportynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,8 göterim ýokarlap 13 milliard 413 million dollara barabar bolandygyny habar berýär.
“Sabah” gazeti Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Lütfi Elwanyň Türkiýäniň awiasiýa pudagynda soňky 11 ýylda uly öňe gidişlik edip dünýäniň parlaýan ýyldyzy ýagdaýyna gelendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýede 2003-nji ýylda 162 bolan uçar sanynyň 2013-nji ýylda 130 göterim ýokarlap 374-ne çenli baryp ýetendigini aýdan ministr Elwanyň, şol döwürde jemi awiasiýa ulaglarynyň sanynyň hem 74 göterim ýokarlandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Gazet Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Lütfi Elwanyň “Geçmişde Stambul we Ankara bolmak bilen iki merkezden 25 nokada 8,5 million ýolagçy gatnadýardyk. Şu günki günde bolsa 6 howa ýoly bilen 7 merkezden 58 million ýolagçy gatnadyp biljek mümkinçiligimiz bar” diýendigini ýatladýar.
“Akşam” gazeti “Gebze ýapon markanyň söwda ulaglarynyň merkezi bolýar” söz başyly habarynda ýapon Ysuzu we Anadoly toparynyň Gebzedäki Şekerpynar desgalaryndaky önümçiligini ýokarlandyrandygyny ýazýar.
Gazet ýaňy ýakynda pijk-up Ysuzu D-maks öndürmäge başlan Anadoly Ysuzy firmasynyň ýenil ulaglardan, ýük ulaglaryndan we awtobusdan soň indi 16 tonnalyk Yzusu markaly agyr ýük ulagyny öndürmäge başlajakdygyny nygtaýar.
Gazet ýapon firmasynyň Şekerpynary markanyň Ýewropdaky söwda merkezi ýagdaýyna getirmäge taýarlandygyny ýatladýar.
“Star” gazeti “Tähranyň gün tertibinde Türkiýe bardy” söz başyly habarynda Ýunus Emre institutynyň Eýranyň paýtagty Tähranda “Türkiýeden öwüşginler we sesler” ady bilen medeniýet hepdeligini geçirendigini ýazýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar