Nazarbaýew Hazar deňiziniň hukuk derejesi hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Habar deňiziniň hukuk derejesi hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Nazarbaýew Hazar deňiziniň hukuk derejesi hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Ylalaşyk Hazara kenardaş Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň Prezidentleri tarapyndan awgust aýynda kabul edilipdi.

Ylalaşygyň adybir ýurtlaryň Mejliseri tara Prezidentleri tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar. Gazagystanyň Mejlisi bolsa ylalaşygy geçen aý tassyklapdy.

Ylalaşyga laýyklykda taraplara Hazar deňizinde özygtyýarlylyk, özbaşdak hukuklar we kazyýet ygtyýary ykrar ediler.

Taraplaryň Hazar deňizindäki işleri özygtyýarlylyga, territorial bitewilige, garaşsyzlyga, deňlige sarpa goýmagyň, güýjüň we abaý-syýasatyň ulanylmazlygy, hyzmatdaşlyk hem-de içerki işlere goşulyşmazlyk ýörelgelerine laýyklykda alynyp barylar.

Hazar deňizi bilen bagly ähli düşüşezlikler gepleşikler arkaly çözüler.

Hazara kenardaş bolan ýurtlardan daşgary deňizde harby güýjüň ornaşmagyny gadagan edýän ylalaşyga görä, taraplar deňizçilik, balyk hojalygy, biologik serişdeleriň peýdalanylmagy we olaryň goralmagy, magdan gözleg, önümçilik we beýleki işleri alyp barmaga hukukly bolarlar.

Ylalaşyga laýyklykda Hazar deňizi içerki suw giňişliklerine, guryýer suw giňişliklerine, balykçylyk giňişliklerine we umumy suw giňişligine bölüner, her bir tarap ylalaşyga laýyklykda kesgitlenen serhetden 15 deňiz mili aralyga çenli öz guryýer suw giňişligini kesgitlär.

Hazar deňiziniň düýbüniň we ýeriň aşagynyň sektorlara bölünmegi halkara hukugyna we kadalara laýyklykda goňşy hem-de iki taraply ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky ylalaşayga görä amala aşyrylar.

Deňiz kenary bolan ýurt emeli adalary, desgalary we binalary gurmaga, dolandyrmaga we ulanmaga hukukly bolar.



Degişli Habarlar