Özbegistanyň hökümetiniň gurluşy özgerdildi

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen perman bilen Ministrler kabinetinde premýer ministrleriň sany 8-den 5-ä düşürildi

Özbegistanyň hökümetiniň gurluşy özgerdildi

Permana görä Premýer ministriň 1-nji orunbasary Açilbaý Ramatow, Ulaglar ministriniň wezipesini hem ýerine ýetirer.

Bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylykdan jogapkär Wise-premýer Aziz Abduhakimow, Wise-premýer we Maliýe ministri Jamşid Koçkarow, Aýal-gyzlar we maşgala işlerinden jogapkär Wise-premýer Tanzila Narbaýewa wezipelerinde galdylar.

Ýangyç-energetika pudagyndan jogapkär Wise-premýer Alişir Sultanow bolsa wezipesinden boşadylyp, Energetika ministrligine bellendi.

Geçen hepde Prezident Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen perman bilen Wise-premýer Suhrab Halmuradow wezipesinden boşadylyp, ýerine Prezidentiň geňeşçisiniň orunbasary Elýar Ganiýew bellenipdi.



Degişli Habarlar