Azerbaýjanlylar şehitlerini hatyralady

“Ganly ýanwar” hökmünde bilinýän 20-njy ýanwar gyrgynçylygynda ýogalanlar hatyralandy

Azerbaýjanlylar şehitlerini hatyralady

 

Azerbaýjanda garaşsyzlygyň simwolyna öwrülen we taryhda “Ganly ýanwar” hökmünde bilinýän 20-njy ýanwar gyrgynçylygynda ýogalanlar hatyralandy.

Azerbaýjanlylar 1990-njy ýylda başdan geçirlen gyrgynçylykda ýogalanlary hatyralamak üçin Baku Şehitler ýadigärliginde bir ýere jemlenişdi.

Ganly ýanwar gyrgynçylygynda ýogalan şehitleriň gubyrlaryna gül desseleri goýuldy we doga edildi.

Ýerli wagt bilen sagat 12.00 da Azerbaýjan üçin söweşen ähli şehitler üçin bir minut hormatly dymyşlyk edildi.

Prezident Ilhram Aliýew hem egindeşleri bilen Şehitler ýadigärliginde geçirlen hatyralama çäresine gatnaşdy.

Azerbaýjanyň garaşsyzlyk mukamynyň ýerine ýetirilmeginden soň Prezident Aliýew ýadigärlige gül desselerini goýdy.

Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erken Özoral hem ilçihananyň işgärleri bilen ýadigärlige baryp gül desselerini goýdy.

Ilçi Özral metbugata beren beýanatynda 20-njy ýanwaryň Azerbaýjanyň garaşsyzlyk taryhynda öwrülşik nokadydygyny we şol bir wagtda dünýäniň taryhynda gara gün hökmünde geçendigini belledi.

1990-njy ýyllaryň başynda ermenileriň artan ýer talaplaryna we sowet hökümetiniň tutumyna garşylyk görkezmek üçin bir ýere jemlenşen müňlerçe azerbaýjanly Bakuwyň Azatlyk meýdanyna geldi we mitingler başlady.

Mitingleriň basylyp ýatyrylmagy maksady bilen 20-njy ýanwarda Bakuwa giren sowut goşuny çagalar we zenanlar bilen birlikde 150-ä golaý adamy gyrgyna berdi, ýüzlerçe adamy bolsa ýaralady

20-njy ýanwar şehitleri ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda göz ýaşlary we gyzyl güller bilen häzirki Şehitler ýadigärligine jaýlandy.

Azerbaýjanlylar 29 ýyldan bäri her ýylyň 20-njy ýanwarynda şehitlikde şehitlerini hatyralaýar.



Degişli Habarlar