Özbegistanda täze partiýa döredildi

Ekologiýa hereketi atly jemgyýetçilik guramasy Özbegistanyň Ekologiýa partiýasyna öwrüldi

Özbegistanda täze partiýa döredildi

 

Ekologiýa hereketi atly jemgyýetçilik guramasy syýasy partiýa döretmek barada karar kabul edip Özbegistanyň Ekologiýa partiýasyna öwrüldi.

Aral kölünde Orta Aziýadaky iň uly daşky-gurşaw betbagtçylygy başdan geçirilýär we Ekologiýa partiýasy  hem Özbegistanda daşky gurşaw meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklara garşy göreşmek maskady bilen döredildi.

Ekologiýa hereketi atly jemgyýetçilik guramasynyň paýtagt Daşkentde Özbegistanyň Ekologiýa partiýasyny döretmek üçin geçiren gurultaýyna 250 delegat gatnaşdy.

Hereketiň başlygy Bariý Alihanow partiýanyň başlyklygyna saýlandy.

Jemgyýetçilik guramasy hökmünde 2008-nji ýylda döredilen Özbegistan Ekologiýa hereketi ýurtdaky saýlawlara görä, haýsydyr bir saýlawa gatnaşmazdan parlamentiň aşakky ganady bolan Kanun Çykaryş mejliside 15 kürsi bilen wekilçilik edýär

 

 

 



Degişli Habarlar