Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Berdimuhamedow Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.(TDH)



Degişli Habarlar