Transport we infstruktura ministri BAKUTEL 2018-ne gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi

Transport we infstruktura ministri Mehmet Jahit Turhan 24-nji Halkara Telekomunikasiýa, Inowasiýa we Ýokary tehnalogiýalar sergisi BAKUTEL 2018-ne gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi

1100671
Transport we infstruktura ministri BAKUTEL 2018-ne gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi

Ministr Turhan Azerbaýjana guraýan saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Prezident Aliýew kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň transport we infstruktura pudagy bilen birlikde ähli taraplaýyn ösýändigini aýtdy.

Transport pudagynda iki ýurduň arasynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda durup geçen Aliýew, geçen ýyl ulanylmaga berlen Baku-Tiblisi-Kars demirýol taslamasynyň, diňe sebit üçin däl eýsem beýleki ýurtlar üçin hem möhümdigini nygtady.

Iki ýurduň aragatnaşyk pudagynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Aliýew, türk firmalarynyň Azerbaýjanda bu ugurda uzak ýyllardan bäri iş alyp barýandygyny belledi.

Transport we infstruktura ministri Mehmet Jahit Turhan hem Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösýändigini aýtdy.

Merhum Prezident Haýdar Aliýewiň, Azerbaýjan we Türkiýe üçin aýdan “bir millet, iki döwlet” sözüni ýatladan Turhan, Azerbaýjanyň gazanýan üstünliginiň Türkiýäni buýsandyrýandygyny belledi.

Transport we infstruktura ministri Mehmet Jahit Turhan iki ýurduň mundan soň hem bilelikde uly taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Aliýew bilen Turhan soň bolsa BAKUTEL sergisine baryp gördi.

Prezident Aliýew Türkiýäniň adyndan sergä gatnaşýan Türksat, PTT, Turkjell we Hawelsan ýaly firmalar hakynda ministr Turhandan maglumat aldy.

 

 



Degişli Habarlar